Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň günortasynda azyndan 14 adam öldi


Owganystanyň günortasynda köçe ýaka bomba partlamalarynda azyndan 14 adam öldi.

Kandagar welaýatynyň metbugat wekili Ahmad Jawed Faisalyň aýtmagyna görä, Arghistan etrabynda bir ulag bomba uçrap ýarylypdyr. Haçan-da trakotoryň sürüjisi ejir çekenlere kömek üçin baranda, şol wagt ikinji köçe ýaka bomba partlapdyr.

Häzirlikçe şol iki bomba partlamasynda ölen adamlaryň anyk sany belli däl.

Hiç bir topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

BMG-niň maglumatyna görä, 2011-nji ýylda Owganystanda parahatçylykly ilatyň arasyndan 3,021 adam ölüpdir. BMG-niň nygtamagyna görä, şu ýyl ölenleriň sany 36% kemelse-de, bu entegem juda uly görkeziji bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG