Sepleriň elýeterliligi

Putin suw joşmalary boýunça derňew geçirmäge çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin suw joşmalary baradaky duýduryşlary seljermegi tabşyrdy.

Putin bu barada Gara deňziň kenaryna eden saparynda görkezme berdi. Şol sebitde suw joşmalarynyň netijesinde 140 töweregi adam heläk bolupdy.

Putin ýerli resmileriň ýaşaýjylara ýeterlik derejede howpsuzlyk çäreleri barada maglumat berip-bermändigini hem derňemegi tabşyrdy.

Krasnodar regionunda birnäçe sagadyň dowamynda iki aýlyk ýagynyň mukdary düşüpdi.
XS
SM
MD
LG