Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda buddizme degişli heýkeller ele salyndy


Pakistanda kontrabandaçylar 200-e golaý buddizme degişli heýkeli ýurduň daşyna çykarjak bolanda ele salyndy. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär.

Pakistanyň arheologiýa döwlet departamentiniň başlygy Salimul Hakyň aýtmagyna görä, heýkeller ýurduň port şäheri Karaçide ele salnypdyr. Hak olaryň arasynda 2 müň ýyllyk eserleriň bardygyny hem belledi.

Polisiýanyň reýdelerinde iki adam hem tussag edildi.

Pakistanda taryhy ýadygärlikleri çykarmak ýa-da daşamak gadagan bolsa-da, ýurduň käbir sebitlerindäki kanunsyzlyk sebäpli, soňky döwür bular ýaly hereketler ýaýbaňlandy.
XS
SM
MD
LG