Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban: Owganystan çatrykda dur


Owganystany täzeden gurmak boýunça konferensiýa gatanaşyjylar.Tokio. 8-nji iýul, 2012 ý.
Owganystany täzeden gurmak boýunça konferensiýa gatanaşyjylar.Tokio. 8-nji iýul, 2012 ý.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen konferensiýa Owganystana hemaýat berýän halkara donorlary ýygnandy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munyň aýtmagyna görä, 2014-nji ýylda halkara güýçleri Owganystany terk edensoň, ýerli graždan jemgyýetçiligine goldaw berilmese, yurtda soňky on ýylyň dowamynda gan dökülip gazanylan öňegidişlikleriň howp astyna düşmegi mümkin.

Ban Ki-mun bu pikirini ýekşenbe güni Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen konferensiýanyň dowamynda öňe sürdi. Şol konferensiýa Owganystana hemaýat berýän halkara donorlary ýygnanypdy.

Ban Ki-mun Owganystanyň häzir çatrykda durandygyny hem çykyşynda belläp geçdi.

Ol: “şu wagta çenli Owganystana berlen kömek onuň edaralarynyň esaslanmagyna itergi berdi, edil häzirki döwürde Owganystan halkara hemaýata mätäçlikden, özbaşdak bir ýurt hökmünde öz halky hem halkara hyzmatdaşlary bilen kadaly aragatnaşyk gurmak boýunça geçiş döwrüniň aýgytlaýjy tapgyrynda dur” diýdi.

Agzalýan konferensiýa 70 döwletiň wekilleri gatnaşýarlar. Olar şol ýygnakda eden çykyslarynda 2015-nji ýyla çenli Owganystana 16 milliard dollar kömek berjekdiklerine wada berdiler.

Howpsuzlyk boýunça çykdajylary göz öňünde tutulmanynda-da, häzirki döwürde Owganystanyň ýyllyk harajaty 6 milliard dollara barabardyr, bu ýurt öz çykdajylarynyň diňe üçden bir bölegini özi üpjün edýär.

Donorlar berilýän hemaýatyň talaba laýyk ulanylmagy ugrunda Kabulyň has köp tagalla etmegine garaşýandyklaryny aýdyp gelýärler. Owganystanyň hökümeti hem bu meselä üns beryändigini aýdýar.

Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý ýygnakda eden çykyşynda bu barada şeýle diýdi: “Gadyrly jenaplar we hanymlar biziň özara hyzmatdaşlygymyzyň şowly bolmagy, bu kömegiň ýagny siziň raýatlaryňyzyň tölän salgytlarynyň, Owganystanda nähili sarp edilendigi barada hasap bermek ukybymyza baglydygyny ykrar edýärin”.

2002-nji ýyldan bäri Owganystana 60 milliard dollara golaý komek berildi. Emma, ýurtda korrupsiýanyň derejesi hem gözgyny ýagdaýda bolmagyna galýar.

Transparency International guramasynyň geçen ýylky maglumatyna görä, Owganystan dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň arasynda ikinji orunda dur.

Tokioda geçirilýän konferensiýa gatnaşyjylaryň arasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem bar. Ol şenbe güni öňünden duýdurman Kabula sapar edipdi.

Ol şol saparynyň dowamynda Owganystany ABŞ-nyň NATO agza däl hyzmatdaşy hökmünde ykrar edendigini mälim etdi. Bu statusa indi 15 ýurt eýe boldy. Mundan ozal, 2004-nji ýylda bu status Pakistana hem berilipdi.
XS
SM
MD
LG