Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Annan parahatçylyk plany boýunça Assad bilen duşuşýar


Siriýa meselesi boýunça BMG-niň ýörite wekili Kofi Annan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşenbe güni Damaskda duşuşdy.

Olar Annanyň häzire çenli netije bermän gelen parahatçylyk planyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu plan Siriýada 16 aý bäri dowam edýän gandöküşligiň soňuna çykmak üçin Kofi Annan tarapyndan hödürlenipdi.

Annanyň aýtmagyna görä, Siriýada bidüzgünçilikleriň soňuna çykmak “usuly” boýunça ol Siriýanyň prezidenti bilen ylalaşyga gelipdir. Bu gepleşik barada Annan jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Assad bilen duşuşygyndan soň eden çykyşynda Kofi Annan ylalaşylan bu "usul" barada ýurduň oppozisiýasy bilen hem gepleşikler geçirmekligi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Maglumatlara görä, Siriýa meselesi boýunça Eýranyň resmileri bilen gepleşikler geçirmek üçin Annanyň Tährana sapar etmegine garaşylýar.

Germaniýanyň telewideniýesine beren interwýusynda Assad ABŞ-nyň “terrorçylary” goldamagy Annanyň planyna päsgelçilik döretdi diýip aýtdy.

Onuň bu çykyşyndan öň, geçen hepde ahyrynda Siriýanyň harby deňiz güýçleri gämilerden we wertolýotlardan urşujy raketalaryny atdylar. Munuň daşky agressiýadan ýurdy goramak maksady üçin türgenleşikdigi aýdyldy.
XS
SM
MD
LG