Sepleriň elýeterliligi

Orsýet suw joşmasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam gününi belleýär


Duşenbe güni Orsýet suw joşmalarynda pida bolanlaryň hatyrasyna matam gününi belleýär.

Krasnodar sebitindäki suw joşmasynda heläk bolanlaryň sany 171-e ýetdi. Gara deňziniň kurort şäherleriniň arasynda iň uly zeper ýeten Krymskda 5 müň töweregi hojalygy suw basdy.

Geçen ýekşenbe güni regionyň ýaşaýjylary elektrik togundan, gazdan we agyz suwundan mahrum boldular.

1500 töweregi adamdan ybarat halas ediji topar sebitde dikeldiş we halas ediş işlerini alyp barýar.

Häkimiýetleriň betbagtçylyga çemeleşişlerine gönükdirilen tankytlaryň fonunda sebite sapar eden Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýerli resmileriň ýaşaýjylara ýeterlik derejede howpsuzlyk çäreleri barada maglumat berip-bermändigini derňemegi we pida bolanlara kompensasiýa tölemekligi tabşyrdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministr Wladimir Puçkow duşenbe güni eden çykyşynda suw joşmasy baradaky ministrligiň öňünden beren duýduryşy ýaşaýjylaryň ählisine el ýeterli edilmändir diýdi. Krasnodar sebitiniň gubernatory Krymsk şäheriniň häkimini we Krymsk regionynyň başlygyny duşenbe güni wezipelerinden boşatdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Krasnodar sebitinde adam ýitgilerine getiren suw joşmasy sebäpli Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine hat ýollady we pida bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanjyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG