Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýol partlamasynda azyndan 35 adam heläk boldy


Ýekşenbe güni Owganystanda ýolda ýüz beren bomba partlamasynda we söweşiji toparlaryň hüjüminde azyndan 35 adam öldi.

NATO ýurduň gündogarynda bomba partlamasynda 6 esgeriniň öldürilendigini habar berdi. Bu barada NATO goşmaça maglumat bermedi.

ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp beren maglumatynda AFP habar gullugy alty esgeriň hemmesiniň Birleşen Ştatlaryň esgeridigini aýtdy.

Mundan ozal ýurduň günortasynda bolan hüjümde bir daşary ýurtly esger öldürildi.
Owganystanyň resmileriniň maglumatyna görä, günorta Kandagar we Helmand welaýatlarynda 28 parahat ilat we polisiýa işgäri öldürilipdir.

Bu bidüzgünçiligiň ýüz bermeziniň öň ýanynda Tokioda Owganystan meselesine bagyşlanyp geçirilen halkara konferensiýasynda geljek 4 ýylyň dowamynda Owganystanyň ösüşi üçin 16 milliard dollar pul kömegini bermek barda karara gelindi.
XS
SM
MD
LG