Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň iş orunlary barada hasabatyndan soň Aziýa bazarlary pese gaçdy


ABŞ-nyň iş orunlary barada ýaýradan hasabatyndan soň Ýaponiýanyň aksiýalarynyň bahasy pese gaçdy.

ABŞ-nyň Zähmet statistikasy boýunça býurosynyň anna güni ýaýradan hasabatyndan soňra, duşenbe güni Aziýanyň beýleki bazarlary hem pese gaçdy. Bu hasabata görä, iýun aýynda amerikan edaralarynyň hödürlän iş orunlary garaşylan 80 müň iş orunlaryndan az çykypdyr.

Anna güni ýewro pul birligi hem amerikan dollary bilen deňeşdirilende iki ýylky derejä pese düşdi we duşenbe güni basyş astynda bolmagynda galdy.

Şol bir wagtyň özünde, Hytaý dünýäniň ikinji ösen ykdysadyýetli ýurdunda inflýasiýanyň iýun aýynda 2.2 procent peselendigini duşenbe güni yglan etdi. Bu ýagdaý ykdysadyýete goldaw bermek üçin hökümetiň goýum prosentini peseltmegi bilen gazanyldy.
XS
SM
MD
LG