Sepleriň elýeterliligi

Çöregiň gymmatlamagy adamlary alada goýdy



Döwlet dükanlarynda satylýan 20 teňňelik “buhankanyň” bahasynyň ýokary galmagy ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagyna has-da erbet täsir etdi.

Döwlet dükanlarynda satylýan 20 teňňelik “buhankanyň” bahasynyň ýokary galmagy ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagyna has-da erbet täsir etdi.

Ilatyň esasy azyk önüminiň - çöregiň täze bahalary adamlary uly alada goýdy. Döwlet dükanlarynyň esasy harydy bolan öň 20 teňňeden satylan “buhanka” çöregi 3 esse gymmatladyldy. 1-nji sort türkmen ununyň 1 kilogramynyň bahasy öň 40 teňňe bolan bolsa, indi 90 teňňeden satylýar.

Döwlet dükanlarynda satylýan 20 teňňelik “buhankanyň” bahasynyň ýokary galmagy ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagyna has-da erbet täsir etdi.

“Öňem “buhanka” zordan ýetirinýärdik. Indi bolsa çörek iýmegimizi azaldaýmasak, ýetirinip boljak däl” diýip, Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Saparmyrat aýdýar. Ol döwlet edarasynda işleýär. Onuň 4 çagasy bar, aýaly işlänok. Aýlygy bolsa 550 manat.

"Günde dört “buhanka” satyn alýardym. Şonda aýda 60 manat çykdajy bolýardy. Täze baha boýunça indi çörege aýda 180 manat sowmaly boljak" diýip, Saparmyrat gürrüň berýär.

Aşgabatda “buhanka” çöregini satyn almak üçin pensionerleriň, işsizleriň döwlet dükanlarynyň öňünde nobata duranlaryny görmek seýrek ýagdaý däl. 20 teňňelik “buhanka” çöreginiň hili o diýen gowy bolmasa hem, ol pensionerlere öz pensiýalaryna ýaşamak üçin, öýsüz-öwzarsyz adamlara bolsa aç galmazlyk üçin mümkinçilikdi.

“Indi, “buhanka” gymmatlandan soň, uruş döwründäki ýaly, çöregi tygşytly iýäýmesek, meniň alýan pensiýama ýaşamak örän kyn” diýip, aşgabatly 76 ýaşly pensioner Nina Aleksandrowna aýdýar.

Döwlet tarapyndan çörek önümleriniň bahasy gymmatladylandan soň, bazarlarda hem çöregiň bahasy ýokary galdy. Meselem, Parahat mikroraýonyndaky bazarda hususyýetçileriň satýan kiçi türkmen çöregi öň 1 manatdan satylan bolsa, indi 2 manatdan satylýar, 2 manatlyk çöregiň bahasy bolsa 3 manada galdy. Munuň üstesine-de, beýleki un önümleriniň hem bahasynyň ýokary galmagyna garaşylýar.

Emma käbir synçylar çöregiň bahasy 40 teňňä çenli aşak düşer diýýärler.

“Ilkibaşda has ýokary bahany goýup, soňam ony biraz aşak düşürip, halkyň nägileligini peseltmek üçin ulanylýan usul gadymdan gelýär. Häzirem şeýle usulyň ulanylmagy ähtimal. Eger çilim bilen dörän ýagdaýy göz öňünde tutsak, şonda hem şeýle bolupdy. Ilki bahalar maksimal derejde ýokary galdyrylyp, soň bolsa peseldildi” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny islän aşgabatly synçy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 200 müň tonna galla ýygnaldy diýlip habar berildi. Ýurduň resmileri bolsa ýurt üçin 1,5 million tonna gallanyň ýeterlikdigini aýdýarlar.

Emma döwlet dükanlarynda satylan unuň we çöregiň bahalarynyň gymmatladylmagy ilatda negatiw reaksiýanyň döredendigine garamazdan, munuň nähili sebäpler üçin gymmatladylandygy barada hiç bir döwlet işgäri düşündiriş bermedi. Ýogsam, 6-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem geçirilipdi.

Türkmen habar serişdeleri hem bu ýagdaý barada maglumat bermeýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG