Sepleriň elýeterliligi

Türkmeniň hakyky intelligent ogly


1996-njy ýylda alym Myratgeldi Söýegow Abdylhekim Gulmuhammedowyň pajygaly, ýöne halkyna bagyş eden manyly ömri hakynda „Täleý tupany“ ady bilen çaklaňja kitap çap etdirdi.

1996-njy ýylda alym Myratgeldi Söýegow Abdylhekim Gulmuhammedowyň pajygaly, ýöne halkyna bagyş eden manyly ömri hakynda „Täleý tupany“ ady bilen çaklaňja kitap çap etdirdi.

Abdylhekim Gulmuhammedow 1880-nji ýyllaryň ortalarynda häzirki Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Akdere obasynda doglupdyr. Ol ilki öz obasyndaky mekdebi, soňra Gyzylaýakdaky medresäni tamamlapdyr. Abdylhekim Buharanyň "Çar minar" medresesinde okap, ahunlyk dini derejänem alypdyr.

Ýöne Abdylhekim dindar bolup gitmän, dünýewi ylym alyp, dünýewi ugurdan gidipdir. Ol 1910-njy ýylyň başynda Türkiýä gidip, Stambulyň Darulfunun uniwersitetine okuwa girýär. Ol Türkiýede okaýarka Türkiýäniň görnükli syýasy liderleriniň hem harby ýolbaşçylarynyň biri Enwer Paşa bilen ýakyndan tanşyp, onuň bilen soňam ýakyn gatnaşykda bolupdyr.

Abdylhekim Gulmuhammedow döwrüniň syýasy hereketine hem işeňňir gatnaşypdyr. Ol 1918-nji ýylyň sentýabrynda Buharada döredilen kommunistik partiýanyň ilkinji döredijileriniň hem ýolbaşçylarynyň biri bolupdyr. Abdylhekim Gulmuhammet 1920-nji ýylyň sentýabrynda Buhara emirine garşy gozgalaňa gatnaşyp, täze döredilen Buhara Halk Respublikasynyň harby neziri (ministri) bellenýär. Ol Buhara respublikasynyň milliligini ýitirip bolşewikleşmegine garşy protest bildirip, hökümetden çekilip, Owganystana gidýär.

Ol 1921-nji ýylyň ortalaryndan 1922-nji ýylyň aýagyna çenli “basmaçylara” goşulyp, eli ýaragly Gyzyl goşuna garşy göreşýär. Abdylhekim 1921-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Täjigistanyň Jylyköl etrabyndaky giň howluly öýünde Enwer Paşany myhman alypdyr. Enwer Paşa Abdylhekim Gulmuhammediň öýünde Owganystandan gelen ilçiler, hatda şol döwürde basmaçy hasaplanan toparyň ýolbaşçylary bilen duşuşypdyr.

Abdylhekim Gulmuhammedow 1923-nji ýylyň başyna Buhara gaýdyp gelen badyna, ony 20-nji ýanwarda tussag edipdirler, emma ol şol ýylyň 4-nji oktýabrynda tussaglykdan gaçyp, ýene Owganystana gidýär.

Abdylhekim Gulmuhammedow 1925-nji ýylyň başynda hut Gaýgysyz Atabaýewiň çagyrmagy boýunça Owganystandan gelýär, ol täze döredilen Türkmenistan respublikasynyň1925-nji ýylyň fewralynda saýlanan ilkinji Merkezi Ispolnitel Komitetiniň düzümine girizilýär. Ol “Türkmenistan”, “Daýhan“, gazetleriniň, “Tokmak“ žurnalynyň redaktorynyň orunbasary we redaktory bolup işläpdir.

Abdylhekim Gulmuhammedow 1927-nji ýylda Leningradyň uniwersitetine okuwa gidýär, soňra şol uniwersitetiň aspiranturasynyň zehinliler üçin gysgaldylan kursuny tamamlap, 1930-njy ýylyň başyna Aşgabada gaýdyp gelip, Türkmen medeniýeti institutynyň ylmy işgäri bolup işläpdir.

Onuň “Metbugat” atly ilkinji makalasy 1924-nji ýylda çap edilen bolsa, rus dilinde ýazan “Orta Aziýa edebi ýadygärlikleri” atly kitaby 1931-nji ýylda çap edilipdir. Ol 1925-nji ýylda Nowaýynyň “Muhakymat ul lugataýn“ (pars we türki dilleriň deňeşdirmesi) atly kitabyny arap elipbiýinde sözbaşy ýazyp, çap etdiripdir.

Abdylhekim Gulmuhammedow 1926-njy ýylda klassyk şahyrlarymyz Seýitnazar Seýdiniň hem Gurbandurdy Zeliliniň goşgularyny ilkinji gezek kitap edip, halka hödürläpdir. Onuň öz goşgulary 1927-nji ýylda “Umut ýalkymlary” at bilen çap edilipdir. Abdylhekim Gulmuhammedow şol ýyl “Saýat ile Hemra” dessanynam halk köpçüligine ýetirýär.

Ol ylmy işgär bolup işleýärkä, il arasyndan 70-e ýakyn golýazma kitaplary ýygnap, rus dilinde çap etdiren kitabynda ol golýazmalaryň teswirini, sanawyny beripdir. Şeýle hem ol Hywa hany hem taryhçysy Abylgazynyň “Türkmenleriň nesil daragty“ kitabyny neşire taýyn eden eken.

Abdylhekim Gulmuhammedow 1931-nji ýylyň 11-nji iýulynda Pöwrizede dynç alyp ýörkä, bolşewikleriň “garşylyk görkezmän ele düş“ diýen talabyny ýerine ýetirmän, esgerler bilen mertlerçe söweşip, wepat bolýar. Emma ol ölenden soňam bolşewikler Abdylhekim Gulmuhammedow hakyndaky hakykaty ile äşgär etmekden gorkupdyrlar.

Şonuň üçinem 1932-nji ýylyň başynda “hamana Abdylhekim Gulmuhammedow Eýrana gaçyp geçjek bolanda, serhetçileriň eline düşmekden howatyr edip, öz şahsy sapançasyndan özüni atyp öldürdi“ diýip, metbugat arkaly ýalan habar ýaýradypdyrlar.

Ol öz ideýasy üçin basmaçylara goşulyp, Gyzyl goşuna garşy göreşmekdenem çekinmändir. Abdylhekim Gulmuhammedow Türkmenistanda ilkinji sowat ýaýradyjylaryň hem döwlet ýolbaşçylarynyň biri bolupdyr. Emma Sowet döwründe ony halkyň duşmany hökmünde görkezmäge ýykgyn etdiler.

Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda Abdylhekim Gulmuhammedow hakynda metbugatda ýazylyp başlandy. 1996-njy ýylda alym Myratgeldi Söýegow Abdylhekim Gulmuhammedowyň pajygaly, ýöne halkyna bagyş eden manyly ömri hakynda „Täleý tupany“ ady bilen çaklaňja kitap çap etdirdi.

Abdylhekim Gulmuhammedow türkmen halkynyň, galyberse-de, tutuş Orta Aziýa halklarynyň kolonial baknalykdan azat bolmagy üçin mümkinçiliginiň çäginde, zerur bolsa eli ýaragly göreşen adamdyr. Hatda 1923-nji ýylda Moskwada çykýan “Nowyý Wostok” žurnalynda ol hakda ýazylan makalada ony "türkmeniň hakyky intelligent ogly" diýip atlandyrypdyrlar. Şonuň üçinem Abdylhekim Gulmuhammedow ýaly halkymyzyň bagty üçin göreşen şahslarymyzyň ömür-döredijiligini doly öwrenip, halka ýetirmek biziň borjumyzdyr.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG