Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Parlamentiň spikeri maslahaty sişenbe güni geçirmäge çagyrýar


Aglabasy yslamçylardan durýan Müsüriň parlamentiniň spikeri suduň kararyny goldap, parlamentiň aşaky öýüni dargadan harbylaryň güýçli garşylyk görkezmegine garamazdan, hepdäniň sişenbe güni mejlisiň maslahatyny geçirmeklige çagyryş etdi.

Müsüriň Ýakyn Gündogar habar agentliginiň maglumatyna görä, ýekşenbe güni ýurduň yslamçy prezidenti Mohammed Morsi parlament agzalarynyň maslahata ýygnanmagy barada eden çykyşyndan soň, spiker Saad el-Katani maslahatyň wagtyny belläp çagyryş etdi.

2011-nji ýylyň fewral aýynda prezident Hosni Mubäregiň ýurt başyndan agdarylanyndan soň häkimiýeti dolandyryp gelen harby geňeş “Musulman doganlygy” partiýasynyň agzalarynyň agdaklyk etmegindäki parlamentiň aşaky öýüni dargatmak baradaky suduň geçen aýdaky kararyny goldady.
XS
SM
MD
LG