Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: ‘Adamlar özlerini ýeriň hakyky eýeleri hökmünde duýsunlar’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi daýhan bilen pikir alyşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi daýhan bilen pikir alyşýar.

Türkmenistanda galla baradaky döwlet planynyň dolmazlygy bir topar etrap häkiminiň, şol sanda ýurduň oba hojalyk ministriniň işden boşadylmagy, welaýat häkimleriniň dördüsine käýinç berilmegi we un, çörek önümleriniň birden üç esse gymmatlamagy bilen utgaşdy.

Bu ýylky bugdaý hasyly, resmi maglumatlara görä, plandan 25 prosent kem bolupdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, şu güne çenli Watan harmanyna 1 million 200 müň tonna galla hasyly tabşyrylypdyr.

Döwletiň galla boýunça bellän planyny doldurmak üçin ýene 400 müň tonna galla ýygnalmaly.

Artyk galla daşary ýurtlara satylýar

“Türkmenistan.ru” internet gazetiniň 24-nji iýunda çap eden habaryna görä, Türkmenistan 2010-njy ýylyň hasylyndan 150 müň tonna gallany daşarky bazarda, 30 müň tonna gallany bolsa içerki bazarda ýerläpdir.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedowyň karary esasynda, şu ýyl 2011-nji ýylyň galla hasylyndan 300 müň tonna gallany, ýagny içerki talapdan artyk dänäni daşarky bazara çykarmaga rugsat berlipdir.

Şu sanlara seredilende, Türkmenistanyň “Galla garaşsyzlygy” syýasaty belli bir derejede üstünlik getirýän ýaly.

Lebaply daýhanlaryň käbiriniň gektardan 60-70 sentnere çenli galla hasylyny almagy hem şu rowaçlygyň bir bölegi bolup görünýär.

Emma, Lebapdan tapawutlylykda, beýleki welaýatlar, şol sanda geçen ýyl galla planyny dolan Ahal welaýaty hem bu ýylky galla planyny dolduryp bilmedi (Geçen ýyl, gurakçylyk zerarly, Lebap hem planyny dolup bilmändi). Ýogsa, bu ýyl suwuň bol bolandygy, tehnika, dökün meselesinde hem bökdençligiň az bolandygy barada maglumat berilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda alyndy diýilýän galla hasylyna şübhe bildirýän, bu ugurdaky görkezijileriň açyk däldigini aýdýan synçylar hem bar.

Prezident Berdimuhamedow 2008-njy ýylyň Galla baýramyna gabat geçiren hökümet maslahatynda ýurduň daýhanlarynyň ekin meýdanlarynda yhlasly işläp, ýurdy çörek bilen üpjün etmäge ýeterlik dänäni ýygnandyklaryny aýdypdy, ýöne anyk san getirmändi.
Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmelere telekeçileri, hususy pudagyň wekillerini has giňden çekmeli.

2007-nji ýylyň iýulynda bellenen plana görä, Türkmenistan 2008-nji ýylda 880 müň gektar ýere bugdaý ekip, 1 million 600 müň tonna däne almalydy.

Düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlary instituty 2009-njy ýylyň awgustynda Prezident Berdimuhamedowyň Watanyň ammarlaryna bir million iki ýüz müň tonnadan gowrak dänäniň toplanandygy, munuň 2008-nji ýyldakydan bir ýarym esse kändigi barada aýdan sözlerine salgylandy.

Türkmenistanda gektardan alynýan galla hasylynyň ortaça 20 sentnerden geçmeýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan oba hojalyk spesialistleri bu ýagdaýyň sebäbini, esasan, ýurtda daýhanyň ýere bolan yhlasynyň azalandygy, onuň özüni ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýmaýandygy, azat bazar ýörelgelerine doly geçilmänligi we ozalky sowet-komanda-dolandyryş iş usulynyň saklanyp galýandygy bilen düşündirýärler.

Ýöne şu ýyl, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, tohumyň gowy, arassa bolandygy aýdylýar.

Türkmenistanda bugdaýyň “Ýolöten-3” sorty ekilip, bu sortuň bugdaý baldagynyň kelteräk bolmagy onuň ýelde ýykylmazlygyna, şeýdip hasylyň ýitgisiniň az bolmagyna kömek edýär diýip, ýerli çeşmeler aýdýar. Ýöne adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly synçy dünýäde azyk önümleri üçin tölenýän tölegiň yzygider ýokarlanýandygyny, emma Türkmenistanda bu ýagdaýyň känbir üýtgemeýändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, daýhanyň elini işden sowadýan esasy ýagdaý gallaçylykdan alynýan girdejiniň azlygy bilen bagly.

Bu pikiri iki ýyl öň ýerli habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly daýhan hem aýdypdy.

Iş alyp barmagyň has täze görnüşleri

Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda daýhançylyk bilen bagly kemçilikleri gytaklaýyn tassyk edip, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna, welaýat we etrap häkimlerine ýüzlenip, “oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmelere telekeçileri, hususy pudagyň wekillerini has giňden çekmeli, iş alyp barmagyň has täze görnüşlerini ornaşdyrmaly” diýdi.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow daýhanlara ýerleri has uzak möhletli bermekden çekinmezligi tabşyrdy.

“Goý, adamlar özlerini ýeriň hakyky eýeleri hökmünde duýsunlar” diýip, prezident anna güni geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew prezidentiň bu sözleriniň daýhanlarda ýeriň uzagyndan hususy eýeçilige berilmegine hem umyt döredendigini aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sowet döwründe esasan pagtaçylyga köp üns berýärdi we Gazagystandan, Ukrainadan gelýän un bilen oňýardy. Emma Sowet Soýuzy dargap, ozalky ykdysady gatnaşyklar bozulandan soň, 1993-94 ýyllarda Türkmenistanda un gytçylygy döredi.

Şondan bäri resmi Aşgabat ýurduň azyk garaşsyzlygy üçin gallaçylyga aýratyn üns berýär. Emma, ýylyň-ýylyna berilýän dabaraly maglumatlara garamazdan, türkmen bazarlarynda daşary ýurtlardan getirilýän unuň has geçginlidigi aýdylýar.

Ýerli çeşmeler türkmen daýhany üçin galla ýetişdirmegiň düşewüntli däldigini, onuň galalçyga garanda pagtaçylygy has gowy bilýändigini, üstesine pagtanyň bugdaýdan has girdejilidigini, onsoň, daýhan üçin pagta ýetişdirip, bugdaý satyn almagyň has amatly boljagyny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG