Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň ozalky prezidenti bosgunlykdan dolanýar


Azerbaýjanyň ilkinji döwlet baştutany Aýaz Mutalibow 20 ýyl bosgunlykdan soň Orsýetden Bakuwa dolandy.

74 ýaşly Mutalibow 1990-njy ýylyň ýanwar aýynda “Gara Ýanwar” adyna eýe bolan we onlarça adamyň ölümine getiren garaşsyzlyk ugrundaky protestlere gatnaşanlykda aýyplanypdy.

Şol döwürde Mutalibow Sowet Azerbaýjan respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysydy. Soňra ol garaşsyz Azerbaýjanyň ilkinji prezidenti wezipesini eýeledi.

Ol 1992-nji ýylda prezidentlik wezipesinden çekilmäge mejbur edildi we soňra Moskwa gitdi.

Ozalky döwlet işgärleri barada Azerbaýjanyň golaýda kabul eden kanuny şu ýylyň başynda syýasatdan çekilýän diýip yglan eden Mutalibowa ýurduna dolanmaga mümkinçilik döretdi.

Iýun aýynda kabul edilen kanuna laýyklykda, döwlet işgärleri wezipelerini ýerine ýetiren döwürlerinde eden hereketleri üçin jogapkärçilige çekilip bilinenok.
XS
SM
MD
LG