Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmisi saýtlaryň petiklenmegini däplere baglaýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara maglumatlar departamentiniň geňeşçisi Serdar Durdyýew media forumynda, Aşgabat, 6-njy iýul.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara maglumatlar departamentiniň geňeşçisi Serdar Durdyýew media forumynda, Aşgabat, 6-njy iýul.
Türkmenistanda internet websaýtlary näme üçin we nähili proseduralar esasynda petiklenýär? Bu soragy geçen hepde Aşgabatda ÝHHG-niň gurnamagynda geçirilen Merkezi Aziýa üçin “Adaty metbugatdan onlaýn-metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly konferensiýada Azerbaýjandan gelen blogger, analitik we aktiwist Ali Nowruzow türkmen resmilerine berdi. Ol Türkmenistanda “Facebook”, “Twitter” ýaly saýtlaryň petiklenendigine ünsi çekdi.

Nowruzowyň sowalyna ilki bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara maglumatlar departamentiniň geňeşçisi Serdar Durdyýew jogap berdi: “Dogrymy aýtsam, eýýäm onlarça adam Türkmenistanda internet saýtlarynyň näme üçin we nähili petiklenýändigi barada sorady. Emma men şeýle saýtlary petikleýän adam däl. Biziň delegasiýamyzyň arasynda “Türkmentelekom” kompaniasynyň wekili bar. Meniň pikirimçe, bu soraga ol jogap berip biler. Meniň temam we wezipäm başga”.

Biz maglumat çeşmeleriniň elýeterli bolmagy üçin saýtlary açmak boýunça sanlara kowalaşyp, şeýle düzgünlerimizi bozmak barada kelle agyrtmakçy däl.
Serdar Durdyýew, DIM-iň işgäri.
Soňra Durdyýew azerbaýjanly blogger Nowruzowyň köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky kanunçylyk bilen bagly beren sowalyna Mejlisiň konferensiýa gatnaşýan wekili jogap berse ýerlikli boljakdygyny aýdyp, ol ýa-da beýleki maglumat çeşmeleriniň elýeterliligi hakynda gürrüň etdi.

“Kanunçylyk ýa-da ideologiýa taýdan Ýewropa ýurtlarynda asudalyk bilen kabul edilýän käbir zatlar biziň ýurdumyza, halkymyza we taryhymyza gapma-garşy gelýär" diýip, Durdyýew aýtdy. "Men olar barada anyk aýdyp oturmakçy däl. Çünki olar hemmä belli. Şonuň üçin-de men meseläniň diňe tehniki däl-de, başga taraplarynyň hem bardygyny bellemekçi. Bu ýerde biziň milli däp-dessurlarymyz bilen bagly kesgitli düzgünlerimiz bar. Biz maglumat çeşmeleriniň elýeterli bolmagy üçin saýtlary açmak boýunça sanlara kowalaşyp, şeýle düzgünlerimizi bozmak barada kelle agyrtmakçy däl we muny islemeýäris”.

Soňra azeri bloggeri Ali Nowruzowyň beren sowalyna Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Wladimir Gubanow jogap bermäge synanyşdy: “Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmek ugrunda alada edýäris. Emma olary senzura etmegi göz öňünde tutmaýarys. Biz kanunda senzuranyň nämedigini anyk kesgitleýäris”.

Biz adamlaryň internetden diňe maglumat alman, özleriniň aň-düşünjesini ösdürmegini gazanmak isleýäris.
Wladimir Gubanow, Mejlisiň işgäri.
Emma Gubanow internet boýunça problemanyň bardygyny boýun aldy: “Hawa, bizde problema bar. Sebäbi, gynansak-da, bizde internetiň işlerini sazlaşdyrýan kanun ýok. Biziň öňümizde bu sowal keserip dur. Biz adamlaryň internetden diňe maglumat alman, özleriniň aň-düşünjesini ösdürmegini gazanmak isleýäris”.

Türkmen parlamentiniň wekili Gubanow wagtyň çäklidigi üçin köp gürrüň edip bilmejekdigini aýdyp ötünç soranda, konferensiýa gatnaşýanlaryň biri onuň wagtyny hiç kimiň çäklendirmeýändigini aýtdy.

Iki gün dowam eden konferensiýa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri gatnaşdylar. Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew we Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow konferensiýanyň jemleýji günündäki maslahatyna synçy hökmünde gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG