Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň hökümeti suw joşmasynda goýberen ýalňyşlaryny boýun alýar


Orsýet, Gelenjik şäheriniň köçelerinde suw joşmasy, 7-nji iýul, 2012

Orsýet, Gelenjik şäheriniň köçelerinde suw joşmasy, 7-nji iýul, 2012

Orsýetiň hökümeti Gara deňziň Krasnodar sebitinde 170-den gowrak adamyň heläk bolmagyna getiren suw joşmasynda resmileriň goýberen ýalňyşlaryny boýun aldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministr Wladimir Puçkow duşenbe güni eden çykyşynda suw joşmasy barada ministrligiň öňünden beren duýduryşy ýaşaýjylaryň ählisine el ýeterli edilmändir diýdi.

Krasnodar sebitiniň gubernatory Krymsk şäheriniň häkimini we Krymsk regionynyň başlygyny duşenbe güni wezipelerinden boşatdy.

Gubernator Aleksandr Tkaçýew suw joşmasynyň howpy barada resmileriň “azyndan üç sagat” öňünden duýdurylandygyny aýtdy.

Suw joşmasy 7-nji iýulda ir ertir ilatyň aglabasy ukudaka ýüz berdi.

Suw joşmasynda ýaşaýjylaryň birnäçe sagatlap jaýlarynyň üçeginde oturmaga mejbur bolandyklary we ilaty goramakda resmileriň haýal hereket edendikleri üçin Tkaçýew resmileri tankytlady.

Wezipesinden boşadylan Krymsk raýonynyň başlygy Wasiliý Krutko 8-nji iýulda eden çykyşynda suw joşmasy baradaky duýduryşyň özüne 7-nji iýulda giç aýdylandygyny we ilaty habardar etmekde bar bolan mümkinçilikleri ulanandygyny aýtdy.

Krasnodar raýonynyň Soçi şäherinde 2014-nji ýylda gyşky olimpiýa oýunlary geçirilýär.

Wladimir Putin duşenbe güni Moskwada hökümet resmileri bilen geçiren maslahatynda deslapky maglumatlara salgylanyp, suw joşmasyna tebygy ýagdaýyň sebäp bolandygyny belledi, ýöne bu ýagdaýy düýpli anyklamaly diýdi.

"Emma, suw joşmasy barada maglumat berýän we gidro-tehniki desgalaryň işlerine gözegçilik edýän gulluklaryň näme edip-etmändiklerini seljermeli. Şeýle ýagdaýyň diňe şu ýerde däl-de, eýsem beýleki raýonlarda hem dörän halatynda näme etmelidigini anyklamaly” diýip, Putin nygtady.

Duşenbe güni Orsýet suw joşmalarynda pida bolanlaryň hatyrasyna matam gününi belledi.

Köp mukdardaky ýagyş we sil suwy, esasan hem Krymskda, şenbe güni (7-nji iýulda) 5 müň töweregi hojalyga zeper ýetirdi. 1500 töweregi adamdan ybarat halas ediji topar sebitde dikeldiş we halas ediş işlerini alyp barýar.

Tkaçýew iň uzak wagtlap gulluk edýän Orsýetiň gubernatorlarlarynyň biridir we Putiniň ýakyn ýaranydyr. Mart aýynda şol wagtyň prezidenti Dmitriý Medwedew ony Gürjüstandan bölünip aýrylan Abhaziýa regiony bilen gatnaşyklar boýunça prezidentiň wekili edip belledi.
XS
SM
MD
LG