Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan zenanynyň köpçüligiň öňünde öldürilmegi derňelýär


Kabulyň resmileri öz beýanatlarynda, bu hadysanyň günäkärlerini tapyp, olary adalatyň garamagyna tabşyrjakdyklaryny aýdýarlar.
Kabulyň resmileri öz beýanatlarynda, bu hadysanyň günäkärlerini tapyp, olary adalatyň garamagyna tabşyrjakdyklaryny aýdýarlar.
Owganystanda Najiba atly 22 ýaşly bir zenanyň “Talyban” tarapyndan köpçüligiň öňünde öldürilmegini owgan hökümeti "Yslama we adamkärçilige sygmajak zalymlyk" diýip häsiýetlendirdi. Owgan hökümeti bu waka boýunça derňewleriň başlanandygyny habar berýär.

Kabulyň resmileri öz beýanatlarynda, bu hadysanyň günäkärlerini tapyp, olary adalatyň garamagyna tabşyrjakdyklaryny aýdýarlar.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg bu waka "haýran galdyryjy we ýürek bulandyryjy" diýip baha berdi. NATO-nyň Owganystandaky harbylarynyň ýolbaşçysy general Jon Allen bolsa bu wakany "söz bilen düşündirip bolmajak zalymlyk" diýip atlandyrdy.

Ol aýalyň öldürilişi baradaky bu waka wideoýazga alnypdyr.

Owgan zenany köpçüligiň öňünde öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

“Talyban” tarapyndan öldürilendigi aýdylýan bu aýal nikasyz jynsy gatnaşyga girmekde aýyplanyp, geçen hepde Kabulyň demirgazygyndaky Parwan welaýatynda oba ýaşaýjylarynyň gözüniň öňünde atylyp öldürilipdir.

Owganystanly kanunçykaryjy zenan Fawzia Kufi bu jenaýaty ýazgaryp, nädip bu wakanyň paýtagta şeýle ýakyn ýerde hem-de köpçüligiň gözüniň öňünde amala aşyrylyp bilnendigini soraýar. Kufi 2014-nji ýylda özüniň prezidentlige dalaş etjekdigini belläp, “Hökümet aýallar üçin köp zatlar edendigini aýdýar, emma bu jenýat olaryň gözüniň öňünde amala aşyryldy” diýip nygtaýar.

Owganystanyň Adam hukuklary boýunça Garasyz Komissiýasynyň başlygy Musa Mahmudi: "Amala aşyrylan tagallalara garamazdan, bu hadysa Owganystanda heniz hem aýallaryň zorlamalaryň pidasy bolýandygyny görkezýär" diýdi.

Komissiýa aýallara garşy zorluklaryň geçen ýyldan bäri juda ýokarlanandygyny aýdýar.

"Namys jenaýatlary" diýip atlandyrylýan wakalaryň iň soňkusy şu hepdäniň başynda Owganystanyň gündogarynda amala aşyrylyp, şonda bir zenan we onuň iki çagasy öldürilipdir. Polisiýanyň aýtmagyna görä, olary kakasy öldüripdir.

2001-nji ýylda Owganystana Birleşen Ştatlaryň baştutanlygyndaky harby koalisiýanyň girmegi we “Talyban” güýçleriniň häkimiýetden agdarylmagy bilen, owgan aýallary bilimde, işde, saýlaw hukuklarynda ozal yitiren haklaryny yzyna gaýtaryp aldylar.

Häzirki wagtda hökümet bilen “Talybanyň” arasynda dowam edýän ýaraşyk gepleşikleriniň şu güne çenli gazanylan hak-hukuklara wehim salmagyndan alada edilýär.

Tokioda geçirilen Halkara donorlar konferensiýasynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Owganystandaky aýallaryň hak-hukuklarynyň goralmagy barada çykyş etdi.

"Eger ilatyň ýarysy güýçsüz bolsa, onda hiç bir millet parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi gazanyp bilmez. Birleşen Ştatlar muňa berk ynanýar" diýip, Klinton aýtdy. "Owganystanyň ösüşinden peýdalanmaga we oňa goşandyny goşmaga her bir raýatyň mümkinçiligi bolmalydyr. ABŞ Owganystanyň aýallarynyň arkasynda berk durmagyny dowam eder".

Parwan welaýatynyň häkimi Basir Salanginiň aýtmagyna görä, agzalýan wideo bir hepde öň Şinwari etrabynyň Kimçok obasynda ýazga alnypdyr. Salanginiň aýtmagyna görä, “Talyban” komandiriniň ikisiniň şol zenan bilen jynsy aragatnaşygy bolup, ol nikasyz jynsy aragatnaşyga ýa-da söýgä esaslanýar. Şunlukda olar ony jezalandyrmak we ony öldürip, öz aralaryndaky dawany çözmek kararyna gelýärler.

Nemes habar agentligi DPA-nyň berýän maglumatyna görä, “Talyban” topary bu waka özleriniň dahylynyň ýokdugyny aýdýar. Agentlik Parwan welaýatynda soňky döwürlerde şeýle wakalaryň has köpelendigini we “Talybanyň” şol welaýatyň etraplaryna degişli birnäçe obany basyp alandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG