Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Azerbaýjana resmi notalaryny iberendigini tassyklaýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar serişdeleri üçin ýaýradan soňky metbugat beýanatynda Hazar deňzinde Azerbaýjanyň birtaraplaýyn bikanun hereketleri bilen bagly Türkmenistanyň Azerbaýjan tarapyna birnäçe gezek resmi diplomatik nota iberendigini tassyklaýar. Bu barada turkmenistan.ru maglumat berýar.

Bu maglumata görä, ministrligiň bu beýanaty 2012-nji ýylyň 9-njy iýulynda Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň “Serdar” ýatagy bilen bagly dawa meselesi boýunça Türkmenistan halkara arbitraž suduna ýüzlenmek barada Azerbaýjan tarapyna habar bermedi diýip eden çykyşyndan soň ýaýradylypdyr.

Türkmenistanyň Azerbaýjan respublikasyna iberen notalarynda “Omar” we “Osman” ýataklarynda Azerbaýjan tarapynyň bikanun agtaryş işlerini alyp barýandygy we “Serdar” ýatagy boýunça bikanun hereket edýändigi bellenilýär.

Özüniň resmi notalarynda Türkmenistan bu dawaly meseleler boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny, şeýle hem ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň gazanylmadyk ýagdaýynda Türkmenistan halkara suduna ýüzlenmek hukugyndan peýdalanjakdygyny belleýär.

Şeýle hem, beýanatda 2009-njy ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni we suw asty baýlyklaryny bölmek meselesi boýunça Türkmenistanyň resmi pozisiýasynyň çap edilendigi we bu mesele boýunça Halkara suduna ýüzlenmekligiň makullanýandygy aýdylýar.

Bu metbugat beýanatynda nygtalyşyna görä, Türkmenistanyň daşary işler boýunça edarasy Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň bu aýdanlaryna haýran galmak we düşünmezlik bilen jogap berýär.
XS
SM
MD
LG