Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: garşylyklara garamazdan, dargadylan parlament mejlis geçirýär


Müsüriň parlamenti ýurduň Ýokary sudunyň we güýçli harbylarynyň garşylyk görkezmegine garamazdan, gysga wagtlaýyn maslahata ýygnandylar.

Mundan ozal parlamentiň aşaky öýüniň aglabasynyň yslamçylardan düzülmegine garşylyk görkezip, Müsüriň Ýokary sudy ony dargytmak barada iýun aýynda karar çykarypdy.

Sişenbe güni gysga wagtyň dowamynda geçirilen bu mejlis ýurduň telewideniýesinde görkezildi.

Ýokary suduň garşylyk görkezmegine garamazdan täze saýlanan prezident Mohammed Mursi parlamenti dikeltmek barada karara geçen ýekşenbe güni gol goýdy.

Kairiň merkezinde prezidentiň we parlament köplüginiň tarapdarlary ýygnanyşýarlar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Müsürde dartgynly ýagdaýyň ýitileşmegine alada bildirýär. Ol prezidenti hem-de Ýokary harby geňeşi hyzmatdaşlyga we gapma-garşylyklary ýeňip geçmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG