Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň sud diňlenişigi saglygy zerarly yza süýşürildi


Sişenbe güni Ukrainanyň sudy salgyt meselesi boýunça aýyplama bildirilýän ýurduň ozalky premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň sud diňlenişigini yza süýşürdi.

Harkow şäheriniň sudy Ýulia Timoşenkonyň ýaramaz saglygy sebäpli suda gelip bilmändigi üçin sud diňlenişiginiň 23-nji iýula geçirilýändigini yglan etdi.

Wezipesinden hyýanatly peýdalanmakda aýyplanan Timoşenko häzirki wagt 7 ýyl türme tussaglygynda saklanýar we oňurga keselinden bejergi almagyny dowam etdirýär.

Häzir Ýulia Timoşenko 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kompaniýasy bilen baglylykda millionlarça amerikan dollary möçberinde salgyt tölemekden boýun gaçyranlykda aýyplanýar. Ol özüne bildirilýän hemme aýyplamalary ret edýär.

Sişenbe güni Timoşenkonyň tarapdarlary we garşydaşlary hasaplanýan ýüzlerçe adam Harkow şäher sudunyň öňünde ýygnandylar.
XS
SM
MD
LG