Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa: ýewrozona Madride 30 milliard ýewro hödürleýär


Ýewrozonanyň maliýe ministrleri Ispaniýanyň banklaryna gyssagly kömek bermek barada käbir şertler boýunça ylalaşyga geldiler. Şu aýyň soňuna çenli Madride 30 milliard ýewro möçberinde kömek hödürlenýär.

Bu barada sişenbe güni maliýe ministrleriniň Brüsselde geçirýän maslahatynda Ýewro toparynyň başlygy Žan-Klod Ýunker çykyş etdi. Bu mesele boýunça ýewrozonanyň 17 döwletiniň ministrleriniň gelen ylalaşygy iýul aýynyň ikinji ýarymynda resmi taýdan kabul ediler.

Ylalaşygyň ýene bir böleginde Ispaniýanyň býudjet defisitini 3 prosente çenli peseldip, onuň möhletini bir ýyla çenli uzaltmak barada mesele durýar.
XS
SM
MD
LG