Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada krizisiň soňuna çykmakda Annan Eýrana ynam bildirýär


BMG-niň ýörite wekili Kofi Anan Siriýada krizisiň soňuna çykmakda Eýranyň “pozitiw” rol oýnap biljekdigini aýdýar. Ol bu krizisi parahat ýol bilen çözmek üçin Eýranyň öz goldawyny hödürländigini aýtdy.

Bu barada Annan sişenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen Tähranda geçiren duşuşygyndan soň mälim etdi.

Mundan ozal, duşenbe güni Kofi Annan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen Damaskda duşuşdy.

Annan Siriýa krizisini çözmekde Eýranyň nähili goldaw berjekdigi barada jikme-jik maglumatlary bermekden saklandy.

Orsýet bilen bir hatarda Eýran Siriýa režiminiň esasy halkara ýarany bolmagynda galýar.

Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda Tährana garşy durýan ABŞ we ÝB Siriýa meselesini çözmekde Eýranyň goşulmagyna garşylyk görkezýär.
XS
SM
MD
LG