Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: yslamçylar NATO-nyň ýük daşamagyna garşy çykýarlar


Müňlerçe pakistanly yslamçy duşenbe güni Yslamabadyň köçelerine çykdy. Olar NATO-nyň Pakistanyň üsti bilen Owganystana ýük daşamagyny gaýtadan ýola goýmagyna garşy çykýarlar.

ABŞ-a garşy şygarlary bilen, gündogardaky Lahore şäherinde protesti gurnan bileleşigiň, Pakistany goraýyş geňeşiniň baýdagyny galgadyp “uzak ýoly” ýörän 15 müň töweregi protestçi Pakistanyň parlamentiniň daşyna jemlendi.

Bu geňeş dini syýasy partiýalaryň we guramalaryň birleşigi bolup, ABŞ we Hindistan bilen gatnaşyklary kesmeklige çagyryş edýär.

NATO-nyň Pakistanyň üsti bilen Owganystana ýük daşamagyny täzeden ýola goýmagyna Pakistanyň hökümeti geçen hepdede razylyk berdi.

Bu transport korridoryny Pakistan geçen ýylyň noýabrynda NATO-nyň geçiren howa hüjüminde 24 sany pakistanly esgeriň ölmeginiň yzýany ýapypdy we bu koridor 7 aýlap petikli ýagdaýda saklandy.
XS
SM
MD
LG