Sepleriň elýeterliligi

Wikipediýanyň rus bölümi wagtlaýynça petiklendi


Wikipediýa onlaýn ensiklopediýasynyň rus bölüminiň esasy sahypasy. 10-njy iýul, 2012 ý.

Wikipediýa onlaýn ensiklopediýasynyň rus bölüminiň esasy sahypasy. 10-njy iýul, 2012 ý.

Wikipediýa onlaýn ensiklopediýasy Orsýetde ýurduň metbugat kanunçylygyna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmelere protest hökmünde, öz rus dilindäki bölümini wagtlaýynça petikledi.

Sişenbe güni ru.wikipedia.org websaýtynyň esasy sahypasynyň ýüzi gara tegmil bilen ýapylyp, onda “Erkin bilimsiz dünýäni göz öňüne getiriň!” diýen ýazgy ýerleşdirildi.

Onlaýn eksiklopediýasynyň bellemegine görä, Döwlet Dumasynyň ikinji diňlenişiginde seredilen üýtgetmeleriň “rus dilindäki internet älemine senzurany ornaşdyrmak üçin ulanylmagy mümkin”.

Wikipediýanyň rus bölümi metbugat kanunçylygyna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmeleriň netijesinde “Beýik hytaý gorag diwarynyň (Great China Firewall)” rus görnüşiniň döredilmeginiň mümkindigini duýdurýar. Beýle diýmek bilen olar Hytaýda internetiň hökümet tarapyndan kontrollyk edilýändigini göz öňünde tutýarlar.

Orsýetiň metbugat kanunçylygyna girizilmegi planlaşdyrylýan üýtgetmeleriň ilkinji diňlenişigi 6-njy iýulda geçirilipdi.

Kanuna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmelere görä, gadagan diýilýän maglumatlary ýaýradýan websaýtlarynyň eýelerini jogapkärçilige çekmek mehanizmi döreýär.

Kanun çykaryjylar bulara çaga pornografiýasyny ýaýradýan, neşe serişdelerini mahabatlandyrýan ýa-da adamyň öz janyna kast etmegi boýunça maslahat berýän websaýtlaryň degişlidigini öňe sürýärler.

Emma, onlaýn ensiklopediýanyň belleýşi ýaly, Orsýetde “çagalaryň saglygyna ýa-da ösüşine zyýan ýetirýän maglumatyň öňüni alýan” kanun eýýäm bar.

Orsýetde oppozisiýa öz garaýyşlaryny internetiň, hususan-da Facebook, Twitter we Live Journal ýaly sosial ulgamlarynyň, üsti bilen giňden beýan edip gelýär. Şeýle-de, internet prezident Wladimir Putine we onuň ýaranlaryna garşy protestleri gurnamak üçin hem ulanylypdy.

Şeýle-de şu hepdäniň dowamynda Döwlet Dumasynda ýurtdaky hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işlerine kontrollyk etjek kanun proýektiniň maslahat edilmegine garaşylýar.

Bu kanun proýekti prezidentiň “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy tarapyndan öňe sürüldi. Şoňa görä, daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän we hökümete degişli bolmadyk guramalara gözegçilik güýçlendiriler. Galyberse-de, ol guramalar öz alyp barýan işleri barada her ýyl iki sapar hasabat bermeli bolarlar.
XS
SM
MD
LG