Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: suw joşmasynda resmileriň geleňsizligine gahar-gazap artýar


Orsýet, Krasnodar regionynda suw joşmasynyň pidalaryna ynsanperwer kömegi ýygnalýar, Moskwa, 8-nji iýul, 2012

Orsýet, Krasnodar regionynda suw joşmasynyň pidalaryna ynsanperwer kömegi ýygnalýar, Moskwa, 8-nji iýul, 2012

Orsýetiň Krasnodar regionynda geçen şenbe güni 170-den gowrak adamy heläk eden suw joşmasynda resmileriň geleňsizligi ilat arasynda gahar-gazap döretdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu betbagtçylygyň sebäplerini derňemek boýunça görkezme berdi.

Häkimiýetler bu suw joşmasynda goýberen ýalňyşlaryny boýun aldylar we bu ýagdaý bilen baglylykda käbir ýerli resmileri wezipelerinden boşatdylar.

Orsýetiň Krasnodar sebitiniň gubernatory Aleksandr Tkaçýew betbagtçylygyň öňüni almakda we ilaty habardar etmekde goýberen kemçilikleri üçin ýiti tankyt astynda galdy.

Şenbe güni ir ertir köp mukdarda ýagan ýagyşdan soň Krymsk, Gelenjik we käbir beýleki şäherleriň aglaba ilatyna abanýan betbagtçylyk barada hiç hili duýduryşyň berilmändigi ýa-da berlen maglumatlaryň ýeterlik bolmandygy aýdylýar.

Ýekşenbe güni ýerli ilat bilen duşuşygynda gubernator Tkaçýew suw joşmasynyň abandyrýan howpy barada resmileriň anna güni agşam sagat 10-da habarly bolandyklaryny mälim etdi. Bu habar köpçülikde gahar-gazap döretdi.

Tkaçýew Krymsk şäheriniň häkimini we raýon administrasiýasynyň başlygyny wezipelerinden boşatdy.

Ýöne köpler Tkaçýewyň hem wezipesini ýitirip biljekdigine garaşýarlar.
Hususanda, has uly we möhüm hasaplanýan Noworossiýsk şäherini goramak üçin golaýda ýerleşýän suw rezerwuarynyň derwezelerini bilkastlaýyn açandyklary üçin resmiler berk ýazgarylýar. Ýerli resmiler bu aýyplamany ret edýärler.

Döwlet dumasynyň teklibi

Sişenbe güni Orsýetiň Döwlet dumasynda “Adalatly Orsýet” partiýasy Krasnodar sebitiniň gubernatory Aleksandr Tkaçýewyň wezipesinden çekilmegini talap etdi.

Partiýanyň lideri Sergeý Mironow bu barada prezident Wladimir Putine ýüzlenme ibermekligi deputatlara teklip etdi. Tkaçýew regiony netijeli dolandyrmagy başarmaýar diýip, Mironow aýtdy. Onuň bu pozisiýasyny “Liberal demokratik” partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý hem goldady.

Derňew işlerini alyp barýan sülçüler suw joşma howpy barada ilaty habarly etmek sistemasynyň ýaramaz işländigini tassykladylar.

Şol bir wagtyň özünde, suw joşmasynyň has uly zeper ýetiren Krymsk şäheri elektrik togundan, kanalizasiýa hyzmatyndan we gazdan mahrum bolmagynda galýar.

Ilaty dizenteriýa keselinden goramak üçin regionyň ýaşaýjylary arassa agyz suwy we medisina enjamlary bilen üpjün edilýär.

Suw joşmasyndan ejir çekenleri azyk we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün etmek üçin garaşsyz aktiwistler hem internetiň üsti bilen iş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG