Sepleriň elýeterliligi

“Türkmenhowaýollarynyň” awiabiletleri gymmatladylýar


Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary ýurduň bäş welaýatyna, şeýle hem dünýäniň 11 ýurdunyň 15 sany şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary ýurduň bäş welaýatyna, şeýle hem dünýäniň 11 ýurdunyň 15 sany şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.

Ýekşenbe gününden, 15-nji iýuldan başlap, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň içerki we halkara uçar gatnawlary üçin awiabiletleriniň bahasy dürli aralyklar üçin tapawutly möçberde gymmatladylýar. Bu barada gullugyň Aşgabatdaky Baş edarasynda aýdýarlar.

Döwlet eýeçiligindäki bu kompaniýa özüniň içerki howa marşrutlary üçin biletleriniň nyrhyny azyndan 10 prosent ýokarlandyrdy diýlip, habar berilýär.

Ekonom klasda 1 ýyllyk açyk möhletli Moskwa gidiş-geliş bileti $585-den $690-a, Kiýewe gidiş-geliş bileti $650-den $747-ä, Minskä gidiş-geliş bileti $545-den $743-e, Londona gidiş-geliş bileti $850-den $910-a çykaryldy. Bu nyrhlary kompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasy berýär.

Nyrhlaryň ýokarlandyrylmagy bu howa kompaniýasynyň beýleki halkara reýslerine hem degişli.

Türkmenistanyň milli howa gullugynyň uçar biletleriniň bahasynyň galdyrylmagy ýurtda ýük ulaglary üçin mugt benzin talonynyň ýatyrylmagynyň, şeýle hem un önümleriniň nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň yz ýanyndaky günlere gabat geldi.

Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna bu pudagyň “düşewüntliligini ýokarlandyrmak we onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur bolan ähli çäreleri” görmegi tabşyrypdy.

Ýurduň döwlet media serişdelerinde içerki we halkara gatnawlary üçin uçar biletleriniň gymmatladylýandygy barada häzirlikçe habar berilmedi.

Kompaniýanyň içerki howa gatnawlary üçin awiabiletleriniň nyrhlary 2008-nji ýylyň iýun aýynda hem 10 esseden gowrak ýokarlandyrylypdy. Şondan öň, ýolagçylara uçar arkaly gatnamak guryýer transport hyzmatlaryndan has arzan düşýärdi we “Türkmenhowaýollarynyň” awiabiletleriniň nyrhlary döwletiň goýberýän subsidiýasynyň hasabyna arzan bahadan satylýan bilet hökmünde bilinýärdi.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary ýurduň bäş welaýatyna, şeýle hem dünýäniň 11 ýurdunyň 15 sany şäherine: Abu-Dabi, Amritsar, Almaty, Bangkok, Birmingem, Deli, Dubaý, Kiýew, London, Moskwa, Minsk, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg, Frankfurt şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.

Resmi maglumatlara görä, Aşgabatdan Mýunhen, Pariž, Jidda, Milan we Nowosibirsk aralyklaryna halkara howa gatnawlarynyň täze ugurlary hem işlenip taýýarlanylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG