Sepleriň elýeterliligi

Kair: müňlerçe adam prezidentiň permanyny goldap çykyş edýär


Çarşenbe güni Müsüriň paýtgagty Kairde müňlerçe adam ýurduň Konstitusion sudunyň täze saýlanan prezidentiň permanyny ýatyrmak synanyşygyna protest bildirip, demonstrasiýa çykdy.

Müsüriň täze saýlanan prezidenti Muhammad Mürsi Konstitusion sud tarapyndan iýun aýynda dargydylan parlamentiň öz işini gaýtadan ýola goýmalydygy barada permana gol çekdi.

Onuň bu permanynyň yzy bilen, sişenbe güni parlamentiň deputatlary gysgajyk maslahata ýygnandylar.

Geçen aý Müsüriň Konstitusion sudy saýlawlardaky käbir kanun bozmalara salgylanmak bilen, “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekilleriniň agdyklyk edýän parlamentini dargydypdy.

Indi ýurduň prezidenti, harbylar tarapyndan dolanydyrylýan Ýokary Geňeşi we Konstitusion sudy bu mesele boýunça käbir dawalara girdi.
XS
SM
MD
LG