Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýa lideri Moskwada gepleşik geçirdi


Çarşenbe güni Siriýanyň oppozision Milli Geňeşiniň başlygy Abdel Basset Saýda Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde Siriýanyň bosgunlykdaky oppozisiýa lideri Siriýadaky “rewolýusion” wakalaryň syýasy geçiş prosesi arkaly çözülmegi üçin perspektiwanyň ýokdugyny nygtady.

Şeýle hem, Abdel Basset Saýda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen bagly deňeşdirmäni ulanyp, Siriýadaky häzirki krizisiň ýöne bir oppozisiýa bilen hökümetiň arasyndaky ylalaşmazlyk derejesindäki waka däldigini belledi.

Bu wakanyň fonunda sişenbe güni Orsýetiň köpsanly harby gämisi Orta ýer deňzinde, Siriýanyň kenar ýakalarynda harby türgenleşik geçmek üçin ýola düşdi. Orsýet bu harby türgenleşigiň Siriýadaky wakalar bilen baglanyşygynyň ýokdugyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG