Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň ministri Aşgabada bardy


Çarşenbe güni ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň ministri Reý Mabus Merkezi we Günorta Aziýa regionyna meýilleşdirilen saparynyň çäginde Aşgabada bardy.

Ol Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak boýunça özara bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşar diýlip garaşylýar.

2009-njy ýylyň iýun aýynda harby deňiz güýçleriniň ministri wezipesine girişmezden öň, ol Mississippi ştatynyň gubernatory, Saud Arabystanynda ilçi we harby-deňiz ofiseri bolup işläpdi.
XS
SM
MD
LG