Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan maýadarlaryň ünsüni iň köp çeken ýurtlaryň arasynda görkezilýär


BP-niň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň tebigy gaz gorlarynyň möçberi Orsýetden, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orunda durýar.

BP-niň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň tebigy gaz gorlarynyň möçberi Orsýetden, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orunda durýar.

Türkmenistan daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni iň köp çeken 10 döwletiň arasyna girdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş konferensiýasynyň 2011-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlaryna ýatyrylan daşary ýurt maýa goýumlary barada golaýda ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Hasabata görä, häzir dünýä daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni çekmeklige hem olary ulanmaklyga gönükdirilen we durnukly ösüşleri üpjün edýän täze syýasata mätäç.

Bu hasabat bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere BMG-niň Söwda we Ösüş konferensiýasynyň ykdysadyýetçisi Arnold Sulstarowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Arnold Sulstarowa, siz haýsy görkezijilere esaslanyp Türkmenistany daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni iň köp çeken 10 ýurduň sanawyna goşduňyz?

A.Sulstarowa: Eger siz daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni köp çeken ýurtlaryň taryhyna syn etseňiz, 2000-2007-nji ýyllarda Türkmenistana berlen baha örän pesdi. Ýagny, Türkmenistan 110, 111-nji orunlarda, 2007-nji ýylda bolsa, 106-njy orunda ýerleşdirildi.

Emma 2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistan daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni köp çekip başlady. Bu örän möhüm. Sebäbi geçen 3 ýylda Türkmenistana ummasyz daşary ýurt maýa goýumlary ýatyryldy. Mysal üçin, Türkmenistana 2009-njy ýylda 4,5 milliard, 2010-njy ýylda 3,6 milliard we 2011-nji ýylda 3,2 milliard amerikan dollaryna deň daşary ýurt maýa goýumlary ýatyryldy. Diýmek, 2008-nji ýyldan başlap, Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýatyrylyşy has ösdi. Bu bolsa daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni iň köp çeken ýurtlar baradaky sanawa öz täsirini ýetirýär. Ol diňe ýatyrylan daşary ýurt maýa goýumlarynyň jemi möçberini däl-de, onuň içki önümçilige düşýän paýyna hem bagly.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistana ýatyrylan daşary yurt maýa goýumlary baradaky sanlary haýsy çeşmelerden aldyňyz?

A.Sulstarowa: Adatça, biz bu sanlary Türkmenistanyň Merkezi bankyndan alýarys. Mysal üçin, biz Merkezi bankyň öz internet saýtynda goýan sanlaryny ýygnaýarys. Soňra biz olary tassyklatmak üçin ýörite jogapkär instituta ýollaýarys. Bu biziň dünýäniň ähli ýurtlaryna degişli düzgünimiz. Biz ýerli institutlara eger bu sanlar dogry bolsa, onda olary çap etmekçi diýýäris. Eger olar biziň ýollan maglumatlarymyzy tassyklasa, onda biz olary çap edýäris. Biz şu ýyl Türkmenistan baradaky sanlary Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankyndan (EBRD) aldyk. Bu bank ösüş etabyndaky ýurtlaryň ykdysadyýeti barada maglumatlar ýaýradýar. Eger biz milli institutlardan maglumat alyp bilmesek, onda ýygnan sanlarymyzy Halkara Pul Gaznasyna, Ykdysady Ösüş we Hyzmatdaşlyk Guramasyna, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankyna ýollaýarys.

Azatlyk Radiosy: Eýse, daşary ýurt maýa goýumlary Türkmenistanyň haýsy pudaklaryna köp ýatyrylýar?

A.Sulstarowa: Bu barada bir zat aýtmak örän kyn. Meniň pikirimçe, geçen 2-3 ýylda Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlary üçin has-da açyldy. Elbetde, Türkmenistanyň tebigy baýlyklary daşary ýurtly maýadarlaryň bu ýurda maýa ýatyrmak bilen gyzyklanmaklarynyň iň esasy sebäpleriniň biri. Men muňa pugta ynanýaryn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG