Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň oppozisiýasy Lawrow bilen duşuşdy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada Siriýanyň Milli geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy. 11-nji iýul, 2012 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada Siriýanyň Milli geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy. 11-nji iýul, 2012 ý.

Siriýanyň bosgunlykdaky oppozisiýasynyň esasy wekilleriniň biri Orsýetiň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi.

Siriýanyň ”Milli geňeşiniň” başlygy Abdel Basset Saýda çarşenbe güni Moskwada Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Saýda häzir Siriýanyň rewolýusiýa ýoly bilen barýandygyny, şeýle-de ýurtda syýasy geçiş mümkinçiliginiň bolmajakdygyny aýtdy.

Saýda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň dörän bölünişikler bilen deňeşdirilende, häzir Siriýada bolup geçýän çaknyşyklaryň “oppozisiýa bilen hökümetiň arasyndaky dawadan” has uly zatdygyny belledi.

Siriýanyň ”Milli geňeşiniň” düýbi Stambulda ýerleşýär. Ol açyk görnüşde hem Günbatar hem-de arap döwletleri tarapyndan goldanylýar. Olar prezident Başar al-Assady häkimiýetden çekilmäge çagyrýarlar.

Lawrow bolsa öz gezeginde häzirki ähli oppozision hereketleriň jemlenip, bir topar hökmünde Siriýanyň hökümeti bilen gepleşiklere başlamak mümkinçiligi bilen gyzyklandy. Ol, hususan-da, Siriýa boýunça halkara wekil Kofi Annanyň hödürlän planynyň amala aşyrylmagynyň üstünde durup geçdi.

Lawrow: “Siriýanyň oppozisiýasynyň içinde bolup geçýän zatlar, Siriýanyň ”Milli geňeşiniň” we oppozisiýanyň beýleki, hususan-da, ýurduň içindäki toparlary bilen gatnaşyklary boýunça siziň garaýşyňyzy bilmek biz üçin diýseň gyzykly. Bu mümkinçilikleri kesgtilemek üçin wajyp. Ýagny, ähli oppozision toparlaryň birleşip, Kofi Annanyň öňe süren plany boýunça hökümet bilen dialogy gurmak mümkinçilikleriniň ygtybarlylygyny kesgtilemek zerur. Kofi Annanyň plany BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan hem tassyklanypdy” diýdi.

Moskwadaky duşuşykdan soň, Siriýanyň ”Milli geňeşiniň” wekili Burhan Ghaliounyň aýtmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda Lawrow Orsýetiň öz pozisiýasyny üýtgetmejekdigini aýan edipdir.

Orsýet ençeme ýyllaryň dowamynda Siriýanyň režimine ýarag satyp gelýär. Şeýle-de Ortaýer deňziniň siriýa kenarynda Orsýetiň harby-deňiz bazasy bar.

Bu aralykda Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň Siriýadaky gözegçileriniň möhletini ýene-de üç aý uzaltmak baradaky rezolýusiýa seredýär. Diplomatlaryň aýtmagyna görä, bu rezolýusiýada Siriýa garşy hiç hili goşmaça çäreler göz öňünde tutulmandyr.

Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky gözegçileriň geljekki hereketlerini 20-nji iýula çenli kesgtitlemeli. Şol wagt gözegçileriň 90 günlük ygtaýyrlygy tamamlanýar.

300 adamdan ybarat gözegçileriň topary aprel aýynda Siriýada ok atyşlygy bes etmek boýunça planyň berjaý edilişini barlamak üçin, Siriýa iberilipdi. Emma bu plan ne hökümet, ne-de oppozisiýa güýçleri tarapyndan berjaý edildi.

Düýbi Britanýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparynyň berýän maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň martynda Siriýada bu konflikt başlaly bäri 17 müňden gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG