Sepleriň elýeterliligi

Kubanyň prezidenti Moskwada Orsýetiň liderleri bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Kubanyň prezidenti Raul Kastro Moskwa saparynyň barşynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem-de premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy.

Özüniň Orsýete saparynyň öňýany Raul Kastro Kubanyň ozaldan ýakyn soýuzdaşlary hasaplanylýan Hytaýa we Wýetnama-da sapar etdi.

Kremliň resmi beýanatynda Moskwada geçirilen gepleşikleriň esasan Orsýet bilen Kubanyň söwda we ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG