Sepleriň elýeterliligi

Britaniýadaky derňewlerde iki sany žurnalist tussag edildi


Çarşenbe güni Britaniýada ýerli polisiýa bilen habarçylaryň arasyndaky korrupsiýa baglanyşygynda güman edilýän iki sany žurnalist tussag edildi.

Britaniýanyň Içeri işler ministrligi tussag edilen bu iki žurnalistiň dildüwşük we hökümet edaralaryndaky korrupsiýa bilen bagly güman bildirilýän jenaýatçylyklar boýunça sorag edilýändigini mälim etdi.

Bu tussag edişlikleriň käbir şahsy maglumatlary ele almak maksady bilen polisiýa işgärlerine para berlipdir diýlip güman edilýän iş bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

Şu iş bilen bagly derňewleriň barşynda şu günki güne çenli Britaniýada 41 adam tussag edildi.
XS
SM
MD
LG