Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen Ýanukowiç Ýaltada özara gepleşik geçirýärler


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukraina resmi sapar bilen barýar.

Bu saparyň barşynda Wladimir Putin Ukrainanyň günortasyndaky Ýalta şäherinde prezident Wiktor Ýanukowiç bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow bu gepleşiklerde esasan iki ýurduň energiýa, kosmos, transport, awiasiýa we gämi gurluşygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlyklary barada maslahat ediljekdigini aýtdy.

Geçen ýyl Orsýet bilen Ukrainanyň söwda dolanyşygynyň 26 prosent ýokarlanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG