Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Unuň öňki nyrhlary öz güýjüni ýitirýär


Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, 12-nji iýul.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, 12-nji iýul.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda mundan öň 20 teňňeden satylan “buhanka” çöregi 3 esse gymmatladyldy.

1-nji sort türkmen ununyň 1 kilogramynyň bahasy bölek-satuwda öň 40 teňňe bolan bolsa, indi 90 teňňeden satylýar.

Döwlet tarapyndan çörek önümleriniň bahasy gymmatladylandan soň, bazarlarda hem çöregiň bahasy ýokary galdy.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, 12-nji iýul.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, 12-nji iýul.

“Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiýasiýasynyň kärhanalary tarapyndan öndürilip, içerki bazarda ähli sarp edijilere ýerlenilýän bugdaý ununyň nyrhlary”
№11/1 – 2012 NYRHNAMA
Önümiň ady Ölçeg
birligi
Lomaý-satuw baha
(manat)
Bölek-satuw baha
(manat)
1 Bugdaý uny, ýokary hilli kg 0,84 1,00
2 Bugdaý uny, birinji hilli kg 0,74 0,90
3 Bugdaý uny, ikinji hilli kg 0,63 0,75
4 Bugdaý uny, berhizlik kg 0,42 0,55

1. Bugdaý ununyň ýokarda görkezilen nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary bilen ylalaşyldy. (2012-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky 13/24785 belgili çözgüt.)

2. Şu nyrhnamanyň güýje girmegi bilen, Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiýasiýasynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän we içerki bazarda ýerlenilýän unuň ozal hereket edýän ähli nyrhlary öz güýjüni ýitirýär.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, 12-nji iýul.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, 12-nji iýul.


No11/1-2012 NYRHNAMA
No11/1-2012 NYRHNAMA
XS
SM
MD
LG