Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň deputatlar topary Waşingtonda gepleşik geçirýär


Orsýetiň deputatlarynyň bir topary Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglanyşykly ABŞ-nyň göz öňünde tutýan sanksiýalary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Waşingtona bardylar.

Birleşen Ştatlaryň Kongresi Sergeý Magnitskiniň ölümine dahylly diýlip hasaplanylýan orsýetli resmilere garşy ýörite sanksiýalary girizmekligi göz öňünde tutýan kanunyň taslamasyna garamaklygy planlaşdyrýar.

Orsýetli ýurist Sergeý Magnistskiý 2009-njy ýylda türmede saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli aradan çykypdy.

Orsýetli deputatlar ABŞ-nyň resmilerine Magnitskiniň ölümi bilen bagly geçirilen parlament derňewleriniň netijesiniň gowşuryljakdygyny aýdýarlar.

Olaryň bu dokumenti Magnitskiniň tussaglykda gynalandygyny we onuň ölümi bilen baglynyşykly faktlaryň resmiler tarapyndan gizlenendigini ret edýär.
XS
SM
MD
LG