Sepleriň elýeterliligi

FIFA-nyň ozalky prezidenti millionlarça dollar para alypdyr


Penşenbe güni Halkara futbol federasiýasy bu guramanyň ozalky prezidenti Joao Hawelanjyň we guramanyň ýolbaşçy komitetiniň ozalky agzasy Rikardo Tiekseýranyň millionlarça dollar para alandyklaryny tassyklady.

Şweýsariýanyň sudunyň materiallary esasynda Halkara futbol federasiýasynyň çap eden maglumatynda bu federasiýanyň ozalky başlygy Joao Hawelanjyň we onuň ozalky körekeni Rikardo Tiekseýranyň bilelikde jemi 22 million dollar para alandyklary aýdylýar.

Maglumata görä, bu para futbol ýaryşlarynyň efirde görkezilmek hukuklary bilen baglanyşykly berlipdir. Joao Hawelanj Halkara futbol federasiýasyna 1974-nji ýyldan 1998-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk edipdi.
XS
SM
MD
LG