Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Yrakdaky ilçisi hökümete garşy oppozisiýa geçdi


Penşenbe güni Siriýanyň Yrakdaky ilçisi Nawaf al-Fares özüniň işden çekilip, prezident Başar al-Assadyň režimine garşy oppozisiýa geçýändigini yglan etdi.

“Facebook” internet sahypasynda ýerleşdiren wideo-beýanatynda Nawaf al-Fares: “Men özümiň şu pursatdan başlap Siriýanyň halkynyň rewolýusiýasynyň hataryna goşulýandygymy yglan edýärin” diýip belleýär.

Bu beýanatynda ol özüniň häzirki wagt nirede ýerleşýändigini mälim etmändir.

Geçen hepde Siriýanyň Respublikan Gwardiýasynyň goşun generaly Manaf Tlass hem Başar al-Assadyň režiminden ýüz öwrüp, Siriýany terk edipdi.
XS
SM
MD
LG