Sepleriň elýeterliligi

Bilet nobatlary ýolagçylary surnukdyrýar


Ýerli synçylaryň käbirleriniň pikiriçe, otly we awia biletleri satmakda häzirki zaman tehnologiýalaryň doly möçberde ulanylmazlygy spekulýasiýa we parahorluga getirýär.

Ýerli synçylaryň käbirleriniň pikiriçe, otly we awia biletleri satmakda häzirki zaman tehnologiýalaryň doly möçberde ulanylmazlygy spekulýasiýa we parahorluga getirýär.

Şu günler Aşgabadyň wokzalynyň hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Magtymguly şaýolundaky kassalarynda ýylyň iň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Bu möwsümiň esasy aýratynlygy nobatlar.

Otla bilet almak üçin adamlar wokzalyň kassalarynyň öňünde daň bilen nobat belleýärler. Kassalaryň ýerleşýän binasy adamlardan doly bolýar. Emma nobata duranyň bilen bilet alyp biljekdigiňe doly ynamyň ýokdugyny kassanyň öňünde nobata duran 36 ýaşly Keýmir aýdýar.

Keýmir eýýäm iki günläp wokzalyň kassasyna baryp, Türkmenbaşy şäherine gitmek üçin bilet satyn aljak bolýar. “Geçen gezek meniň nobatym kassa ýapylmazdan öň ýetdi. Emma kassiriň “bilet gutardy” diýen sözi meni ikinji gezek kassa gelip nobata durmaga mejbur etdi. Ýöne şu gezek bilet satyn alyp bilerin” diýip, Keýmir aýtdy.

Wokzalda haýsy ugur boýunça biletleriň bardygyny, şol biletleriň bahasyny soramak üçin sorag-jogap penjiresiniň biri bar. Ol penjiräniň öňünde hem nobata duran adamlar az däl.

Sorag-jogap penjiresiniň aňyrsynda oturan işgäriň häli-şindi oturan otagyny terk edip gitmegi bolsa nobatlaryna garaşyp duran adamlary has-da köp garaşyp durmaga mejbur edýär. Özi-de sorag-jogap bölüminiň işgäri köplenç halatda el telefonyna jaň gelip, otagyny terk edýär.

Bu ýagdaý nobatda garaşyp duran adamlarda onuň jaň bilen tanyşlaryna nobatsyz bilet satyn alyp berýändigi baradaky çaklamany döredýär.

“Kassada biletleriň çalt gutarmagynyň esasy sebäbi-de şu. Wokzalyň işgärleri, wokzalda tertip-düzgüne seretmeli polisiýa işgärleri ellerine birnäçe pasportlary alyp, kassanyň öňünde duran nobatyň öňüne geçip, arkaýyn tanyş-bilişleri üçin bilet satyn alyp bilýärler” diýip, Keýmir aýdýar. “Nobatdaky duranlar nägileligini bildirip başlasalar, “bron” boýunça bilet satyn alýandyklaryny aýdýarlar”.

Aşgabadyň wokzalyndaky kassalaryň sorag-jogap bölüminiň telefon nomeriniň bardygyna garamazdan, oňa jaň edip, telefony aldyryp bolmaýar. Şeýle-de, internet arkaly hem otly gatnawlary üçin biletleriň bardygyny bilmek ýa-da bilet satyn almak mümkinçiligi ýok.

"Türkmenhowaýollary"

Aşgabatdaky “Türkmenhowaýollarynyň” kassalaryndaky ýagdaý wokzaldakydan birneme tapawutlanýar. Bu kassalarda nobata garaşmak usuly girizilipdir. Her kim ýörite enjamyň kömegi bilen nobat nomerini alyp, öz nobatyna garaşyp bilýär. Her kassada haýsy nomerli ýolagçynyň gezegi gelendigi barada uly ekranlarda habar berilýär. Ýörite reproduktorda bolsa nobaty boýunça kassanyň öňüne wagtynda gelmedik ýolagçynyň nobat nomeri agzalyp, onuň kassa gelmegi haýyş edilýär.

Emma, bu girizilen täzelige garamazdan, “Türkmenhowaýollarynyň” kassalarynyň işleýşinde hem bökdençlikler bar. Bu kassalarda hem sorag-jogap penjiresi ýeke bolup, onuň öňünde adamlaryň özleriniň düzgünleşdirýän aýratyn bir nobaty bar. Ylaýtada şu günler “Türkmenhowaýollary” öz reýslerine täze gymmatladylan tölegleri girizýän mahaly sorag-jogap penjiresiniň öňünde duran adamlar köp. Täze tarifleriň sanawy hiç ýerde asylmansoň, adamlar diňe sorag-jogap bölüminden bu tarifler barada maglumat alyp bilýärler.

“Iň bolmanda sorag-jogap penjiresini azyndan üç sany eden bolsadylar. Ýögsam, biletleriň bahasyny, olaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin ençeme wagt nobatyňa garaşyp durmaly bolýar” diýip, sorag-jogap penjiresiniň öňünde nobata garaşyp duran 52 ýaşly Allamyrat aýdýar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy elektron biletleri hem girizdi. Emma bu gullugyň websaýtynda reýsleriň tarifleri barada bilmek hem-de internet arkaly bilet satyn almak mümkinçiligi ýok.

Ýerli synçylaryň käbirleriniň pikiriçe, otly we awia biletleri satmakda häzirki zaman tehnologiýalaryň doly möçberde ulanylmazlygy spekulýasiýa we parahorluga getirýär.

“Otly ýa-da uçar üçin biletleriň söwdasynda tanyş-bilişligi we parahorlugy doly aradan aýyrmak üçin internet ýa-da beýleki bir awtomatlaşdyrylan elektron sistemadan peýdalanmaly” diýip, 47 ýaşly aşgabatly synçy Meret Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Şeýle edilen ýagdaýynda bu söwda has açyk hem-de ýolagçylar üçin has amatly bolar”.

Tomus aýlary howanyň gyzmagy bilen bir hatarda ýurtda otly we uçar biletleriniň söwdasy hem gyzýar. Bu ýagdaý her ýyl gaýtalanýar. Hökümet maslahatlarynda hem her ýyl tomus aýlarynyň başynda transport biletlerini almakda ýüze çykýan bökdençlikleri aradan aýyrmak barada degişli ýolbaşçylara tabşyrylýar.

Emma bu ugurda nogsanlyklar ýok däl. Mysal üçin, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy täze gymmatladylan tariflerini girizýändigi barada ýerli mediada habar bermedi. Bu ýagdaýyň müňlerçe adamlara öz täsirini ýetirýändigine garamazdan, iň bärkisi bu gullugyň öz kassalarynyň ýerleşýän binasynda hem bildiriş asylmandyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG