Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Siriýa boýunça rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarlady


Režime garşy geçirilen protestlerde tussag edilen raýatlar, Damask, 11-nji iýul.
Režime garşy geçirilen protestlerde tussag edilen raýatlar, Damask, 11-nji iýul.
Günbatar döwletleri Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa meselesi boýunça täze rezolýusiýasynyň taslamasyny taýýarladylar. Bu taslamada halkara jemgyýetçiliginiň goldaýan parahatçylyk planyny durmuşa geçirmek üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada 10 gün möhlet berilýär. Bu şertiň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda Assadyň sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy bellenilýär.

Maglumatlara laýyklykda, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taýýarlan tekstinde Birleşen Milletler Guramasynyň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annanyň atyşyklary wagtlaýynça togtatmak baradaky planyny Siriýanyň režimi durmuşa geçirip başlamasa, oňa harby bolmadyk gadaganlyklar bilen haýbat atylýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde weto hukugyna eýe bolan Orsýet we Hytaý Siriýa garşy täze sanksiýalary girizmek boýunça öňki tagallalary inkär etdiler.

Siriýanyň Yrakdaky ilçisi Nawaf al-Fares oppozisiýa goşuldy diýlip, habar berilýär.
Siriýanyň Yrakdaky ilçisi Nawaf al-Fares oppozisiýa goşuldy diýlip, habar berilýär.
Şol bir wagtyň özünde Siriýanyň Yrakdaky ilçisiniň hökümetden çykandygy we Başar al-Assadyň režimine garşy oppozisiýa goşulandygy yglan edildi. Nawaf al-Fares “Facebook” saýtyna ýollan wideoýazgysynda Siriýa halkynyň rewolýusiýasyna goşulandygyny aýdýar.

“Men Siriýanyň Yrakdaky ilçiliginden çekilýändigimi yglan edýärin. Şonuň ýaly-da, men “Baas” partiýasyndan çykýandygymy yglan edýärin we partiýanyň ähli agzalaryny meniň yzymy eýermäge çagyrýaryn” diýip, Nawaf al-Fares aýdýar. “Çünki režim halky we olaryň azatlyga ymtylyşyny gazap bilen basyp ýatyrýan gurala öwrüldi. Men, şu pursatdan başlap, Siriýa halkynyň rewolýusiýasyna goşulýandygymy yglan edýärin”.

Şu hepde Orsýet BMG-de Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasynyň taslamasyna garşydygyny aýdyp, guramanyň 300 sany harby synçysyny ýene-de üç aý Siriýada galdyrmagy teklip etdi. Olaryň Siriýadaky mandaty 20-nji iýulda tamamlanýar.

Orsýet Siriýa garşy daşary ýurtdan islendik interwensiýany asla goldamaýandygyny yzygiderli aýdýar. Orsýet köp ýyllardan bäri Siriýanyň režimine ýarag satýar we Siriýanyň Ortaýer deňiz kenarynda harby deňiz güýçlerini saklaýar.

Ýöne ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýsyň 11-nji iýulda Waşingtonda žurnalistlere aýtmagyna görä, Siriýa režiminiň Kofi Annanyň planyny we beýleki plany durmuşa geçirip başlamagy üçin güýçli hereket zerur. Bu barada dünýäniň iri döwletleri 30-njy iýunda Ženewada geçirilen duşuşykda ylalaşdylar.

Mundan öň Kofi Annan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Eýranyň we Yragyň Damaskda Siriýanyň ýolbaşçylygyndaky syýasy geçiş planyny goldaýandygyny habar berdi. Emma ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Eýranyň Siriýadaky problemanyň bir bölegidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG