Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti Molla Omary saýlawlara çagyrdy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý prezident köşgüniň öňünde gurnalan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. Kabul, 12-nji iýul, 2012.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý prezident köşgüniň öňünde gurnalan metbugat konferensiýasynda çykyş edýär. Kabul, 12-nji iýul, 2012.
Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý talybanlaryň lideri Molla Omaryň-da bu ýurtda geçiriljek saýlawlara gatnaşyp bilejekdigini aýtdy.

Bu barada habarçylara beren interwýusynda prezident Karzaý: “Molla Omar öz dostlary bilen gelip, syýasy partiýa döredip, syýasat bilen meşgullanyp we saýlawlarda dalaşgär bolup hem biler. Eger halk oňa ses berse, bu onuň üçin gowy zat. Ol ýolbaşçylygy-da öz eline alyp biler” diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Talyban güýçleriniň iň esasy liderlerinden biri bolan Molla Omaryň ele salynmagyna mümkinçilik berjek maglumat üçin 10 million dollar sylag beriljekdigini yglan edipdi.

Niredeligi belli däl

Waşington Molla Omary 1996-njy ýyl bilen 2001-nji ýyl aralygynda Owganystanyň territoriýasynda Al-Kaýda toparynyň söweşijilerine, şol sanda bu toparyň lideri Osama bin-Ladene hem pena berenlikde aýyplaýar.

Owganystanda Molla Omaryň liderligindäki Talyban režimi 2001-nji ýylda amerikan goşunlary tarapyndan agdarlaly bäri onuň niredeligi belli bolman galýar.

Käbir synçylar onuň Owganystandaky ýa-da Pakistandaky puştun taýpalarynyň ýaşaýan ýerlerinde gizlenýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Owganystanda indiki prezidentlik saýlawlary 2014-nji ýyla planlaşdyrylýar. Şol ýyl hem NATO güýçleriniň bu ýurtdan çykmaklaryna garaşylýar.

Çagyryşlar gaýtalandy

Prezident Hamid Karzaý şu ýylyň başynda eden çykyşlarynyň birinde prezidentlik saýlawlarynyň 2013-nji ýylda geçirilip bilinjekdigini-de ýaňzydypdy.

Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda Hamid Karzaýyň özi indiki saýlawlarda üçülenji möhlet prezidentlige dalaş edip bilmeýär. Ol bu wezipede indi on ýyldan gowrak wagt bäri otyr.

Hamid Karzaý öz hökümetine garşy göreşýän Molla Omary we beýleki söweşijileri zorlukly çärelerden ýüz öwrüp, parahatçylykly integrasiýa prosesine goşulmaklyga çagyryp gelýär.

Penşenbe güni Kabulda gurnalan metbugat konferensiýasynda hem ol özüniň bu çagyryşyny ýene bir gezek nygtap: “Özlerini beýlekileriň elindäki gurjak hökmünde alyp barmaýan we ýurduň içinde biziň bilen çözülişmeli meseleleri bar bolan ähli owganystanlylary biz islendik görnüşdäki gepleşiklere çagyrýarys” diýdi.

Talyban güýçleri Karzaýyň çagyryşlaryny şu çaka çenli yzygiderli inkär edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG