Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda (halasaňam, halamasaňam) köpçülikleýin durmuş toýlary


Gülnara Kerimowa 63-nji Kannes film festiwalynda, Fransiýa, 2010-njy ýyl.

Gülnara Kerimowa 63-nji Kannes film festiwalynda, Fransiýa, 2010-njy ýyl.

Gülnara Kerimowa bireýýäm aýdymçy, kompozitor, modelýer, professor, diplomat, haýyr-sahawatçy we telekeçi bolup ýetişipdi. Indi bolsa, özbek diktatory Yslam Kerimowyň gyzy öz gazanan “üstünlikleriniň” sanawyna durmuş toýlarynyň guramaçylygyny hem goşup biler.

2012-nji ýyl Özbegistanda “Kuwwatly maşgala ýyly” diýlip yglan edildi. Kerimowa özüniň haýyr-sahawat guramasy bolan Gazna Forumy arkaly ýola goýlan “1000 durmuş-toýy we 1000 sünnet toýy” proýektiniň üsti bilen öz toý-şagalaň gurnamak ukybyny hökümetiň maşgalalara gönükdirilen kampaniýasynda ulanýar.

ÝUNESKO, UNDP, we Britan Geňeşi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýän Gazna Forumy köpçülikleýin durmuş we sünnet toýlarynyň ýetim çagalar we garyp maşgalalardan çykan ýaş çatynjalar üçin gurnalýandygyny aýdýar. Mart aýynda geçirilen şeýle dabaralaryň birinde Özbegistanyň Nawoýi we Kaşkadarýa regionlarynda 123 sany ýaş çatynja durmuş toýyny tutup, 200 sany oglanjyk sünnet edilipdi.


Emma o diýen hezillik hem ýok. Adamlar özleriniň zor bilen dabara gatnaşmaly edilýändikleri, bolmasa pensiýalaryndan we beýleki sosial ýeňilliklerden mahrum ediljekdikleri barada duýduryş alýandyklary hakda şikaýat edip başladylar.

Dört ýaşly çaganyň atasy, maýyplyk boýunça kömek puluna ýaşaýan 26 ýaşly Arazdurdy Toşmatowyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, ýerli resmiler ony köpçülikleýin durmuş toýlaryna gatnaşmaga mejbur edipdirler.

“Häkimlige baryp, özümiň garyp durmuşymdan şikaýat edip, kömek soranymda, olar meni Gazna Forumy tarapyndan gurnalýan durmuş toýuna gatnaşmaly etdiler” diýip, Toşmatow aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, häkimligiň işgärleri, eger-de bu çärä gatnaşmasa, onuň maýyplyk boýunça kömek pulundan mahrum ediljekdigini duýdurypdyrlar.

Soňunda Toşmatowa kömek puly tölenmändir. “Bize iýun we iýul aýlary üçin kömek pul tölenmedi” diýip, ol aýdýar. “Bank bize hemme pullaryň durmuş toýy üçin sowlandygyny aýtdy. Bu ýagdaý puly ýele sowurmak bolýar, durmuş toýy gowudy, ýöne onuň çykdajylaryny tölän bolsalar hasam gowy bolardy”.

Bu ýagdaýy başyndan geçiren diňe bir Toşmatow däl. Andijanda ýaşaýan 76 ýaşly pensioner Adhamyň 4-nji iýunda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol özüniň aýlyk pensiýasyny almak üçin poçta edarasyna baranda, oňa pulunyň gijikdiriljekdigini aýdypdyrlar. Sebäp näme? Resmiler Adhama pullaryň Gazna Forumy tarapyndan gurnalýan durmuş toýlary üçin sowlandygyny aýdypdyrlar.

Gazna Forumy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Gülnara Kerimowa bolsa bu guramanyň Direktorlar geňeşiniň başlygy. Kerimowanyň pul baýlygynyň çeşmesi syr bolmagynda galýar, emma ol düýbi Şweýsariýada ýerleşeýän “Zeromaks” kompaniýasy bilen köpden bäri ilteşikli hasaplanypdy. Özbegistanda möhüm senagat pudaklarynyň tas hemmesinden diýen ýaly paý alandan soň, 2010-njy ýylda bu kompaniýanyň eýeçiligi hökümete geçdi. Şweýsariýada salgyt töleýän Gülnaranyň bolsa 600 million dollarynyň bardygy çak edilýär.

-- Deana Kjuka we Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG