Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Birleşen Ştatlar Eýrana garşy täze sanksiýalary girizdi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Gazna departamenti Eýrana garşy birnäçe täze sanksiýalaryň girizilýändigini yglan etdi.

Bu sanksiýalar Eýranyň ýangyç, üpjünçilik we ýük daşaýyş pudagynda iş alyp barýan 50-den gowrak şahsyýeti we kompaniýany nyşana alýar.

Bu çäreler Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň Tährana görkezýän nobatdaky basyş çäresi hökmünde alamatlandy.

Täze girizilen sanksiýalar Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna we edaralaryna Eýranyň bu kompaniýalary bilen söwda hem-de maliýe hyzmatdaşlyklaryny alyp barmaklygy gadagan edýär.
XS
SM
MD
LG