Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Döwlet Dumasy iki sany dawaly kanunyň taslamasyny oňlady


Anna güni Orsýetiň parlamentiniň aşaky palatasy daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän özbaşdak guramalar baradaky täze kanunyň taslamasyny tassyklady.

Hökümetden aýry guramalaryň registrasiýa edilmegi üçin goşmaça talaplary girizmegi göz öňünde tutýan bu kanunyň taslamasyny Döwlet Dumasyndaky deputatlaryň aglabasy, hususan-da, 374-si goldady we diňe 3-si oňa garşy ses berdi.

Orsýetli köp aktiwistler bu kanuna Wladimir Putiniň prezidentlige gaýdyp gelmegi bilen, graždan azatlyklaryny çäklendirmek ugrunda görülýän çäre hökmünde baha berýärler.

Mundan daşary, anna güni Döwlet Dumasy adama töhmet atmaklygy we onuň şahsyýetini kemsitmekligi jenaýat işi diýip häsiýetlendirýän täze kanunyň taslamasyny-da tassyklady.

Indi bu kanuny taslamalaryň ikisem parlamentiň ýokary palatasy we ýurduň prezidenti tarapyndan tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG