Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Hama şäheriniň golaýynda 200 töweregi adam öldürildi


Anna güni Siriýanyň hökümeti we oppozision toparlary ýurduň Hama şäheriniň golaýynda uly möçberde parahat ýaşaýjylaryň gyrlandygyny tassykladylar.

Hama şäheriniň golaýyndaky Treýmsa obasynda penşenbe güni amala aşyrylan bu hüjümlerde 200 töweregi adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Ýerli oppozisiýa aktiwistleri bu gyrgynçylykda hökümet güýçlerini aýyplaýarlar.

Siriýanyň resmi mediasy bolsa bu hüjümleriň terror toparlary tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýar we oppozisiýa tarapdar habar serişdelerini maglumatlary galplaşdyrmakda hem-de jemgyýetçiligiň garaýşyna ýaramaz täsir etmekde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG