Sepleriň elýeterliligi

Şwed firmasy Belarusyň üstünden gurjak seçendigini subut etmäge synanyşýar


Wideonyň ahyrynda Iwanets şäheri görünýär, şäheriň merkezindäki kelise bolsa aýyl-saýyl göze ilip dur.

Wideonyň ahyrynda Iwanets şäheri görünýär, şäheriň merkezindäki kelise bolsa aýyl-saýyl göze ilip dur.

Belarusyň howa giňişligine bikanun giren uçardan 1000 sany gurjak aýyjygy aşak oklandygyny aýdýan şwed firmasynyň işgärleri söz azatlygy ugrunda eden bu hereketlerini subut etmek üçin özleriniň uçuşlarynyň redaktirlenmedik wideosyny görkezdiler.

Belarusyň Goranmak ministrligi Şwesiýada ýerleşýän jemgyýetçilik gatnaşyklary firmasy Studio Total tarapyndan redaktirlenip ýaýradylan wideo ynanmazçylyk edipdi.

Belarusyň resmileri, şol sanda ýurduň döwlet eýeçiligindäki mediasy bu wideo barada şübhe bildirenden soň, Studio Total 4-nji iýulda eden uçuşynyň 90 minutlyk redaktirlenmedik wideosyny Azatlyk Radiosyna berdi.

Wideonyň başynda Litwanyň Kaunas şäheriniň günorta-gündogaryndaky Poçenai howa meýdançasyndan uçuşa taýýarlanyp duran uçar görkezilýär.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy bu uçaryň Belarusyň serhedini hakykatdanam geçendigine göz ýetirmek üçin, fotosuratlary Google Maps bilen deňeşdirdi. Azatlyk Radiosy wideonyň montaž edilmändigini tassyklatmak üçin kinematograflara hem sala saldy.

Wideonyň ahyrynda Iwanets şäheri görünýär, şäheriň merkezindäki kelise bolsa aýyl-saýyl göze ilip dur. Şäherdaki bir meýdançada bolsa ak reňkli awtoulag garaşyp dur. Studio Total bu maşynyň firmanyň eýesi Per Kromweliňkidigini aýdýar. Uçar Belarusyň harbylary tarapyndan urlup ýykylan halatynda, ol degişli ýerlere ýüz tutmaly eken.

Bu uçardan gurjak aýyjyklar aşak oklananda, Kromwel ony ýerden hem wideo düşüripdir. Wideoda Litwadan asmana göterilen we modeli, reňki, registrasiýa belgisi birmeňzeş bolan uçar görünýär.


YouTube: Wideonyň redaktirlenen görnüşi

Kromweliň aýtmagyna görä, Studio Total ilki başda gurjak aýyjyklary Minskiň golaýyndaky hökümet edaralarynyň üstünden oklamaly edipdir. Emma, onuň aýtmagyna görä, “ýangyjyň ýetip-ýetmejegine bolan şübhe sebäpli, şeýle hem Minskde howa gatnawlaryna gözegçilik edijiler uçar bilen habarlaşandan soň,” pilot Litwa tarap yza dolanyp, gurjak aýyjyklary Iwanets şäheriniň golaýynda ýere oklapdyr.

Uçara pilotlyk edendigini aýdýan Swede Tomas Mazetti özüniň uçuşyny Azatlyk Radiosyna jikme-jik gürrüň berdi.

Mazetti “Gurjak aýylaryň howadan oklanmagy, Minsk 2012” diýip atlandyran çäreleriniň “Hartiýa 91” we “Hakykaty aýt!” ýaly demokrat toparlara goldaw bildirmek üçin ýola goýlandygyny aýdýar. Bu toparlar Belarusda söz azatlygy ugrunda göreşýärler.

Belarusdaky demokrat aktiwistler bu çäre bilen özleriniň ilteşiginiň ýokdugyny aýdýarlar.

Şweýsariýada çap edilýän "Neue Zuercher Zeitnung" gazeti Minskde bir demokrat aktiwistiň sözlerine sitata getirip, “ýewro-samsyklar” Belarusy öz gününe goýmaly, “Şwesiýadaky we Belarusdaky masgarabazlaryň çärelerini maliýeleşdirmegi bes etmeli” diýendigini ýazdy.

Kromweliň anna güni Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Studio Total bu hereketi her kimiň makul görjegine garaşybam durmandyr.

“Biz diskussiýalary gowy garşylaýarys” diýip, Kromwel aýtdy. “Emma onuň şweýsar gazetinde bolmagy utançdyr. Biz öz eden hereketimiz Belarusyň döwlet mediasynda açyk diskussiýa ediler diýip, umyt edýäris”

Litwanyň resmileri öz howa giňişlikleriniň 4-nji iýulda ygtyýar berilmedik bir uçar tarapyndan bozulandygyny tassykladylar. Emma olar uçaryň Studio Total firmasyna degişlidigini ýa däldigini aýtmadylar.

Kromweliň Azatlyk Radiosyna anna güni aýtmagyna görä, Litwanyň resmileri entek Studio Total firmasy bilen habarlaşmandyrlar.
XS
SM
MD
LG