Sepleriň elýeterliligi

"Tomusdaky ýagyn"


Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry

Garry mamaň ýyrtylypdyr sanajy,
Ýamaýynam diýenok.
Ýeri bir hepdede gark eden ýagyş
Goýaýynam diýenok.

Bir gözi çat açan aýnaň öňünde,
Oýa çümüp otyryn.
Durmuş kitabynyň harplary iri –
Äýneksizem okaryn.

Bir egninde günä, birinde sogap,
Haýsy artyk – bilýän ýok.
Duşman işigiňi ýassanyp ýatyr,
Dost çagyrýan, gelýän ýok.

Arzylyň az bolsa, köp bolsa narpyz,
Başyň alyp çykjak bol.
Arzuw agajyny ynanma özgä,
Eliň bilen ekjek bol.

Iki gezek gitmez, bir gezek gelen,
Barmy adalat kemi?
Bolaýmaly dälmi şeýleräk, eýsem,
Boş geçen ömrüň jemi?!

Dyrnak döwüp gazanmaly abraýy,
Onuň özi gelmez-ä.
“Maňa näme gowgasy bu jahanyň!”
Diýip, ýaşap bolmaz-a.

Ile akyl bermek – itin aňsady,
Akylly bolmak agyr...
Bir zat yza berýä, çydar ýaly däl:
Belki, jiger? Ýa bagyr?..

Garry mamaň ýyrtylypdyr sanajy,
Ýamaýynam diýenok.
Ýeri bir hepdede gark eden ýagyş
Goýaýynam diýenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG