Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa: Gyrgyny hökümetem, oppozisiýa-da tassyk edýär


Hamanyň golaýyndaky Mazrat al-Kabirde hökümet güýçleri tarapyndan öldürilen protestçileriň jesetlerini gňrkezýän wideo ýazgy. 6-njy iýun, 2012.

Hamanyň golaýyndaky Mazrat al-Kabirde hökümet güýçleri tarapyndan öldürilen protestçileriň jesetlerini gňrkezýän wideo ýazgy. 6-njy iýun, 2012.

Siriýa hökümeti we oppozisiýasy ýurduň günbatar merkezindäki Hama sebitinde graždan adamlaryň täze bir gyrgynçylygynyň bolandygyny aýdýar.

Oppozisiýa aktiwistleri hökümete tarapdar güýçleriň penşenbe güni Trimsa obasynyň töweregine hüjüm etmek üçin tanklary we wertolýot pulemýotlaryny ulanandygyny aýdýarlar we bu hüjüm netijesinde 200 çemesi adamyň öldürilen bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

Siriýa aktiwistleri internetde öldürilen 15 erkegiň jesedini görkezýän wideo ýazgy ýerleşdirip, olaryň hökümetiň agyr topa tutmalary netijesinde heläk bolan obalylaryň bir bölegidigini aýdýarlar.

Oppozisiýa harby interwensiýa çagyrýar

Siriýanyň oppozision Milli geňeşiniň başlygy Abdel Basset Saýda bu gyrgynçylyk sebäpli gahar-gazabyny mälim edip, BMG-niň Damask režimine garşy harby interwensiýa rugsat berýän berk rezolýusiýa kabul etmegine çagyrdy.

Emma muňa garamazdan, režimiň kontrollugyndaky metbugat bu gandöküşiklikde “terrorçy toparlary” günäledi we oppozisiýa tarapdar metbugaty jemgyýetçilik pikirine täsir etmekde aýyplady.

Maglumat almak we bermek çäklendirmeleri öldürilen adamlaryň sany baradaky dürli-dürli habarlary garaşsyz žurnalistleriň üsti bilen tassyklamaga mümkinçilik bermedi.

BMG-niň Siriýadaky gözegçilik missiýasynyň başlygy, general maýor Robert Mud şu gün Damaskda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, özleriniň Hama welaýatyndaky wekillerine salgylanyp, penşenbe güni Trimsa obasynyň golaýynda dowamly söweşiň bolandygyny, bu söweşe mehanizmleşdirilen birikmeleriň, wertolýotlaryň hem gatnaşandygyny tassyk etdi.

Gyrgyn habarlary BMG-niň siriýa resmilerine, konflikte gaplanan ýurduň himiki ýaraglaryny goramagy başarmasalar, olaryň özleriniň ”jogapkär” boljaklaryny duýduran wagtyna gabat geldi.

Döwlet departamentiniň “The Wall Streýet Journal” gazetinde çap edilen habardan soňky beýanatynda Birleşen Ştatlaryň resmileriniň Siriýanyň himiki ýarag arsenalynyň bir böleginiň ammarlardan çykarylýanlygyna alada galandyklary aýdyldy.

Şularalykda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň siriýa krizisini çözmek baradaky täze rezolýusiýasy petige diräne meňzeýär.

Orsýet harby goşulyşma garşy

Orsýet Günbataryň goldaýan rezolýusiýa taslamasyny ret etdi. Bu taslama siriýa režimine ýa halkara paratçylyk planyny durmuşa geçirmek, ýa-da sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmak ultimatumyny bermekçidi.

Günbatar döwletleri hem, öz gezeklerinde, Orsýetiň BMG-niň Siriýadaky gözegçilik missiýasynyň möhletini uzaltmagyny öňe sürýän, emma režime halkara goldawyndaky parahatçylyk planyny durmuşa geçirip başlamadyk ýagdaýynda sanksiýa howpuny salmaýan teklibini yzyna gaýtardylar.

Gözegçiler missiýasynyň ygtyýarlygy 20-nji iýulda tamamlanýar.

Başga bir tarapdan, Orsýet BMG bilen Arap ligasynyň siriýa krizisi boýunça bilelikdäki wekili Kofi Annanyň geljek hepde, Siriýadaky krizis barada maslahatlaşmak üçin, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny yglan etdi.

ITAR-TASS habar gullugynyň ors resmilerine salgylanyp ýazmagyna görä, Lawrow bilen Annanyň duşuşygynda «Siriýadaky häzirki ýagdaý we içerki Siriýa çözgüdiniň mümkinçilikleri» barada maslahat edilmegine garaşylýar.

Siriýanyň öňden gelýän ýarany we ýarag üpjünçisi bolan Orsýet bu konflikte daşary ýurt interwensiýasynyň goşulmagyny goldamaýar we onuň diňe siriýalylaryň özleri tarapyndan çözülmelidigini aýdýar.

Oppozisiýa aktiwistleri 2011-nji ýylyň martyndan bäri dowam edýän konfliktde 17 müňden gowrak adamyň öldürilendigini, olaryň köpüsiniň graždan ilata degişlidigini, ýöne howpsuzlyk güýçleriniň agzalarynyň hem wepat bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG