Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ‘tankytçylaryň sesini sem edýär’


Prezident Wladimir Putin Moskwada hökümetden aýry guramalar baradaky maslahatda.10-njy iýul, 2012.
Prezident Wladimir Putin Moskwada hökümetden aýry guramalar baradaky maslahatda.10-njy iýul, 2012.
Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi 13-nji iýulda daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän özbaşdak guramalar baradaky täze kanunyň taslamasyny tassyklady.

Hökümetden aýry guramalaryň resmi taýdan hasaba alynmagy üçin goşmaça talaplary girizmegi göz öňünde tutýan täze kanunyň taslamasyny Döwlet Dumasyndaky deputatlaryň 374-si goldady we diňe 3-si oňa garşy ses berdi.

Orsýetli aktiwistleriň köpüsi bu kanuna Wladimir Putiniň prezidentlige gaýdyp gelmegi bilen graždan azatlyklaryny çäklendirmek ugrunda görülýän çäre hökmünde baha berýär.

Mundan başga-da, Döwlet Dumasy 13-nji iýulda adama töhmet atmaklygy we onuň şahsyýetini kemsitmekligi jenaýat işi diýip häsiýetlendirýän täze kanunyň taslamasyny tassyklady. Indi bu kanun taslamalarynyň ikisem parlamentiň ýokarky öýi we prezident tarapyndan tassyklanylmaly.

Şeýle-de, täze kabul edilen kanuna görä, daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan hökümetden aýry guramalar her üç aýdan maliýe hasabatlaryny bermeli we olaryň edaralarynda, öňünden yglan edilmezden, yzygiderli reýd geçiriler. Bu kanuny bozana pul jerimesiniň salynmagy we onuň azatlykdan mahrum edilmegi mümkin.

Täze kanuny tankytlaýanlaryň pikiriçe, ol Wladimir Putiniň üçünji möhlete prezidentlige gaýdyp gelmegi bilen raýat azatlyklarynyň gödek bozulmagynyň bir bölegi bolar.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi, akylly-başly däl diýip, bu kanuny ýazgardylar.

Ikinji kanun töhmet atmaklygy we biriniň şahsyýetini kemsitmekligi jenaýat işi diýip häsiýetlendirýär. Şeýle günäler ýöňkelen adama 152 müň amerikan dollaryna deň jerime salnar.

Bu kanuna tankytçylaryň “sesini sem etmek” üçin häkimiýetleriň ygtyýarlyklaryny artdyrýan hereket hökmünde baha berilýär.

Orsýetli resmiler köplenç korrupsiýada we wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplanýarlar. Emma öňki prezident Dmitriý Medwedew 2011-nji ýylyň dekabrynda töhmet atmaklygy jenaýat däl-de, adminstratiw düzgünleri bozmak diýip häsiýetlendiripdi.

Şu hepde Orsýetiň Döwlet Dumasy maglumat baradaky kanuny hem tassyklady. Tankytçylaryň pikiriçe, bu kanun häkimiýetleriň internet saýtlaryny senzura etmegini ýeňilleşdirer.

Emma ony goldaýanlaryň aýtmaklaryna görä, şeýle kanun internetde çaga pornografiýasynyň, öz janyňa kast etmek baradaky instruksiýalaryň we neşe maddalaryny wagyz etmegiň öňüni almak üçin zerur.
XS
SM
MD
LG