Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: Aýal-gyzlar meselesi boýunça ministrligiň wekili öldürildi


Anna güni Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Lagman welaýatynda Aýal-gyzlar meselesi boýunça ministrligiň welaýat bölüminiň direktory Hanifa Safiniň we onuň äriniň öldürilendigini habar berdiler.

Ýerli polisiýa bu wakada Hanifa Safiniň münüp barýan maşynyna ýörite mina berkidilip, partlama amala aşyrylandyr diýlip çaklanylýandygyny aýtdy.

Lagman welaýatynyň paýtagty Mehtarlam şäherinde amala aşyrylan bu hüjümde Hanifa Safiniň ýaş gyzy-da ýaralanypdyr. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG