Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: ýurt boýunça 1 million 200 müň tonna galla tabşyryldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň mediasy ýurtda 1 million 200 müň tonna galla hasylynyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny habar berdi.

Munuň özi döwlet tarapyndan bu ýylky planlaşdyrylan 1 million 600 müň tonna hasyldan 400 müň tonna az. Emma, muňa garamazdan, Türkmenistanyň resmi mediasy bu ýylky galla hasyly boýunça planyň üstünlikli berjaý edilmegi üçin mümkinçilikleriň bardygyny öňe sürýär.

Bu wakalaryň fonunda geçen hepde galla hasyly boýunça planlaryny ýerine ýetirmändikleri üçin ýurduň etrap häkimleriniň 13-si wezipesinden boşadyldy.

Mundan daşary, wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmänlikde aýyplanyp, ýurduň oba hojalyk ministri M.Baýramow bilen “Türkmengallaönümleri” Assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrow dygalar-da wezipelerinden çetleşdirildi.
XS
SM
MD
LG